Kanada işleri sebäpli ar alynjak 20 müň owgany kabul eder
Mendisino 13-nji awgustda bu plan hususan-da zenan ýolbaşçylary, adam hukuklaryny goraýjylary, habarçylary, yzarlanan dini azlyklary, geý we lezbiýan jemgyýetiniň agzalary ýaly aýratyn kyn ýagdaýa düşüp biljek adamlara gönükdiriler diýdi.
Bu plan Owganystandan indi çykmak isleýänleri we eýýäm goňşy ýurtlarda çykanlary hem öz içine alýar.
Bu tagallalar Kanada hökümeti üçin terjimeçiçilik eden, Kanada ilçihanasynyň işgäri we olaryň maşgala agzalary bolan müňlerçe owganlyny kabul etmek üçin ozal yglan edilen başlangyçlaryň üstüni ýetirer diýip, Mendisino metbugat ýygnagynda aýtdy.