Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşgabatda un gyt we gymmat, bar bolan unuň hili pes. Täze söwda merkezinde bolçulyk, ýöne gymmatçylyk

Türkmen hökümeti bu ýyl hem bugdaý plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigini yglan etse-de, paýtagt Aşgabatda un gytçylygy we gymmatçylygy dowam edýär. Şäher ýaşaýjylary bar bolan unuň hiliniň pesdigini, yslanandygyny we içinden mör-möjek çykýandygyny aýdýarlar. Muňa garamazdan, resmiler ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini öňe sürýärler.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy döwlet eýeçiligindäki dükanlarda unuň söwdasynyň gümürtik ýagdaýda amala aşyrylýandygyny habar berýär.


Ol paýtagtda döwlet bahasyndan un tapdyrmaýandygyny, söwda tekjelerinde bir kilogramy 15 manatdan satylýan unuň hiliniň pesdigini habar berýär.


Unuň bir kilogramynyň döwlet bahasy Türkmenistanda bir manat töwereklerinde bahalanýar.




Ýöne hususy söwda dükanlarynda we marketlerde Gazagystandan we Russiýadan getirilen unuň bir kilogramy 25 – 30 manatdan satylýar.


“Uny arzan satyn almak isledim, aldandym we 15 manatdan satyn aldym. Ýöne ol unuň ysy bar we içinden mör-möjek çykdy” diýip, bir paýtagt ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Azatlyk Radiosyna paýtagtdan gelip gowşan wideoda we suratlarda unuň içinden çykan mör-möjekleri görmek bolýar.


“Indiki sapar uny bir kilogramyna 25 manat töläp, marketden satyn alaryn” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.


Habarçymyz beýleki käbir azyk harytlarynyň üpjünçiligi barada habar berdi.


Ol et satyn almak maksady bilen bir bazaryň et satylýan söwda nokadyna barypdyr. Ýöne söwda tekjelerinde bir kilogramy 10 manatdan diňe süňk satylýandygyna şaýat bolýar.


Satyjy jylka etiň tapdyrýandygyny, özüniň bir et satylýan dükanyň telefon belgisini berip biljekdigini aýdýar. Satyjynyň sözlerine görä, ol dükanda süňkli et 75 manatdan jylka et 95 manatdan satylýar.


Bazarda Eýdandan getirilen kartoşkanyň bir kilogramy 7 manat 80 teňňe, kelle soganyň bir kilogramy 4 manat 30 teňňe.


Şondan soň habarçymyz, “Gül zemin” atly täze açylan bir söwda merkezine barýar. Bu söwda merkezi ýarym ýyldan gowrak wagt mundan ozal ulanylmaga berildi.


Resmi metbugata görä, Aşgabadyň Magtymguly şaýoly bilen Taslama köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Gül zeminiň” geçen noýbarda geçirilen açylyş dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


Bu söwda merkeziniň açylylyşy Aşgabatda alabaý heýkeliniň açylyp ulanylmaga berlen gününe gabat geldi.




Biziň habarçymyz “Gül zeminde” bahalaryň örän ýokarydygyny habar berýär.


Birinji etažda azyk dükanlary ýerleşýär. Bu dükanlarda, meselem, bir litr zeýtun ýagy, hiline görä, 180-260 manat aralygynda bahalanýar. Iň gymmat zeýtun ýagynyň bahasy Türkmenistanda iň pes aýlyk hakynyň tas üçden bir bölegine deň bolýar.


Russiýada öndürilen unuň bahasy “Gül zeminde” 29 manat 90 teňňeden satylýar. Habarçymyz söwda merkeziniň ikinji gatynda haly we egin-eşik satylýan dükanlaryň ýerleşýändigini habar berýär. Üçünji etažda çagalar üçin oýun meýdançasy we restoranlar bar ekeni.


Habarçymyz çagalara niýetlenen meýdançada otuzdan gowrak oýun maşynynyň oturdylandygyny, ýöne ol ýerde özüniň bary-ýogy 5-6 çaga duş gelendigini aýdýar.


Söwda merkezini görmäge baran adamlar ullakan oýun meýdançasynda boş duran oýun maşynlaryny görüp, bu kartinany örän “gussaly” häsiýetlendirýärler. “Örän ajaýyp merkez, ýöne örän gussaly” diýip, söwda merkeziniň bir myhmany aýdýar.


Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady krizisden ejir çekýär. Döwlet telewideniýesi “Gül zemin” ýaly ýokary amatlygy bolan söwda we dynç alyş merkezleri barada wagtal-wagtal wideoreportažlary efire berýär, ýöne paýtagtda satylýan pes hilli unuň ysy we onuň içinden çykýan mör-möjekler barada habar bermeýär. Ýokary amatlykly desgalarda döredilen şertler ilatyň aglaba bölegine elýeterli däl.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net