Azerbaýjan, Ermenistan serhetde bolan soňky çaknyşyklarda birek-biregi aýyplaýar
Ermenistanyň Goranmak ministrligi "Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň ermeni pozisiýalaryna garşy hüjüme girişmek arkaly Ermenistan-Azerbaýjan serhediniň demirgazyk-gündogar böleginde ýaraşygyň bozulmagyna ýene bir gezek meçew berendigini", 28-nji iýulda bolan çaknyşyklarda özüniň üç esgeriniň öldürilendigini we iki esgeriniň ýaralanandygyny aýtdy.
“Ýagdaýyň agyrlaşmagyndan Azerbaýjanyň harby-syýasy ýolbaşçylary jogapkärdir” diýip, ermeni ministrligi aýtdy we Azerbaýjan tarapynda hem adam ýitgileriniň bolandygyny sözüne goşdy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistany ýagdaýy dartgynlaşdyrmakda aýyplady.
Ministrlik Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň ýarygijeden soň Kalbajardaky azeri goşunlarynyň pozisiýalaryna ot açandygyny we iki azeri esgerini ýaralandygyny aýtdy.