Tokio Olimpiadasynda aýyň başyndan bäri 153 adamda COVID-19 tapyldy
19 adam sportsmenler. Olaryň käbiri Olimpiýa şäherçesinde ýaşadylar. Bu ýerde 16 adamda koronawirus tapylypdy.
Koronawirus testleri oňyn netije görkezen adamlar Tokio aýlagynyň gapdalyndaky köp gatly jaýlardan karantin myhmanhanasyna geçirildi.
Pandemiýa sebäpli bir ýyl yza süýşürilen Olimpiýa oýunlary 23-nji iýulda Tokioda we üç goňşy prefekturada adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi bilen başlandy.
Ýaponiýadan we daşary ýurtlardan baran janköýerleriň ählisine Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak gadagan edildi.