Hukuk topary: Kandagarda iki hepdede 33 raýat "nyşana alnyp” öldürildi
Owganystanyň hukuk goraýjy guramasy soňky hepdelerde günortadaky Kandagar welaýatynda parahat ýaşaýjylaryň “nyşana alynmagy” netijesinde 33 adamyň, şol sanda aktiwistleriň, taýpa ýaşulularynyň we žurnalistleriň öldürilendigini habar berdi.
Owganystanyň garaşsyz adam hukuklary komissiýasy (AIHRC) bu hili hüjümleriň “Talybanyň” gözegçiligindäki etraplarda-da, hökümet gözegçiligindäki sebitlerde hem bolandygyny aýtdy.
“Biziň toplan maglumatlarymyza görä, Kandagar sebitinde 24-nji iýundan 6-njy iýula çenli aralykda 33 adam, şol sanda iki aýal nyşana alnyp öldürilmegi netijesinde janyndan mahrum boldy” diýip, Hukuk komissiýasynyň metbugat sekretary Zabiullah Farhang 25-nji iýulda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýerli hökümet işgärleri, žurnalistler, aktiwistler, taýpa ýaşululary we dindarlar öldürilýär diýip, Farhang aýtdy. Hukuk topary “urşa gatnaşmaýan adamlara edilýän howsalaly hüjümlerden” alada bildirdi we hökümeti-de, söweşiji topary hem “parahat ilaty goramaga” çagyrdy.
Metbugat wekili bu kast etmeleriň jogapkärçiligini hiç bir toparyň öz üstüne almandygyny aýtdy.
Soňky bir ýylda Owganystanyň dürli ýerlerinde nyşana almak esasynda edilen hüjümlerde onlarça raýat jemgyýeti aktiwisti, aklawçylar, žurnalistler we beýlekiler öldürildi.
Hökümet bu hüjümlerde "Talybany" günäkärledi, ýöne ne güman edilýänleri tussag etdi, ne-de geçiren derňewleriniň netijelerini görkezdi.