Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Daşardaky talyplaryň gutardyş synaglary maliýe kynçylyklary bilen utgaşdy

Häzirki döwür studentler üçin iň möhüm möwsüm bolup durýär. Sebäbi, olaryň käbiri döwlet synaglaryny tabşyryp, 4-5 ýyllap okan ýokary okuw jaýlaryny tamamlaýarlar. Beýlekiler bolsa, bir ýyllyk okuwdan soň synaglaryny tabşyryp, ene-atasynyň ýanyna dynç almaga gidýärler.


Emma bu synag möwsüminiň daşary ýurtlardaky türkmenistanly studentleriň aglabasy üçin agyr geçýändigi Azatlyk Radiosyna habar berilýär.


“Çünki, biziň köpümiz synag tabşyrmagy däl-de, nädip köpräk pul gazanmagy düşünýäris” diýip, Russiýänyň demirgazyk sebitindäki döwlet uniwersitetiniň mugallymçylyk bölüminde okaýan we özüni Güljahan diýip tanadan türkmen studenti söze başlady.


“Mysal üçin, men we joralarym öýleri tämizlemäge, restoranlarda tämizlikçi, gap-çanak ýuwujy we käte müşterilere hyzmat ediji bolup işlemäge gidýäris. Gündelik gazanjymyz hem 9-13 dollardan geçmeýär. Biz gije ýarymdan soňra umumy ýaşaýyş jaýymyza gelýäris we synaglara taýýarlanmaga mejalymyz galmaýar. Emma näçe kyn bolsa-da, okuw döwründe ýazan belliklerimizi gözden geçirmäge mejbur bolýarys. Sebäbi, hiç kim ikilik baha almak islemeýär” diýip, Güljahan käbir studentleriň gowy baha almak üçin jan edýändigini hem Azatlyk Radiosyna habar berýär.




“Meselem, meniň synpymda birnäçe student gije ýaryma çenli işleseler-de, daň atýança synaglara taýýarlanyp, käte hiç ýatman gowy baha almagy başarýarlar. Meniň özüm synaglarda iň gowy bahany almasam-da, häzire çenli kadaly bahalar alyp gelýärin. Muňa-da şükür edýän. Çünki, ene-atamyň “ýüzüni ýere salmak” islämok” diýip, Güljahan aýdýar.


Azatlyk Radiosynyň mundan öň beren maglumatlaryna görä, çet ýurtlarda okaýan müňlerçe türkmenistanly studentler soňky ýyllarda ene-atasyndan pul kömegini almakda kynçylyk çekýärler. Olar hossarlarynyň bank kartlaryna we “Western Union” arkaly pul geçirip bilmeýändiklerini habar berýärler. Olaryň aglabasy öz hasabyna okaýar we stipendiýa hem almaýar.


Russiýanyň demirgazyk sebitindäki ýokary okuw jaýynda inženerlik bölümini okaýan we adynyň tutulmagyny islemedik student hem häzirki synag möwsüminiň ýeňil geçmeýändigini, möhüm bir meselä üns çekmek isleýändigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde nygtady.


“Men häzirki synag döwründe hem käbir studentleriň iki smenada işleýändiklerini aýtmakçy. Golaýda kafede işlemäge gidenimde, bir student gyz gije ýarymdan geçdi, tizräk işimizi gutaralyň. Men ertir ir sagat 10-da ikinji işime gitmeli diýende, men geň galyp sorag berdim” diýip, ol sözüni dowam etdi.


“Men ol studente sen haçan synaglaryňa taýýarlanýarsyň diýip soradym. Ol dogrymy aýtsam, synaglaryma wagtym örän çäkli. Biz käbir synagymyzy internet arkaly tabşyrýarys. Bulam biziň üçin amatly bir pursat. Çünki, awtobus ýa-da tramwaý bilen bir sagada golaý uniwersitete gitmän, şol gysga wagty synaglaryma taýýarlanmak üçin ulanmaga çalyşýaryn. Elbetde, gowy baha alýaryn diýsem ýalan bolar. Ýöne synagdan ýykylmaýandygyma şükür edýärin diýdi. Başga tarapdan, men käbir studentleriň işläp gazanan pulundan her aý 200-250 dollary öýlerine ýollaýandygyny bilýärin. Muny olaryň maşgalasy talap edýär. Olar biziň şäherdäki studentleriň 70 göterimini düzýär. Emma men olara giremok” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik student habar berdi.


Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň maddy problemalary bilen ilteşikli resmilerden ýa-da bilim ministrliginden kommentariýa alyp bolmady.


Resmi media hem daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň haýsyda bir meselesi barada maglumat bermeýär.


Daşary ýurt metbugaty Russiýada 30 müň çemesi, Türkiýede 18 müňden gowrak we Belarusda 10 müň çemesi türkmenistanly studentiň okaýandygyny ýazýar.


“Mençe studentler gije-gündiz okap, watanyna, il-gününe peýdaly lukmanlar, mugallymlar, inženerler we beýleki hünärmenler bolup ýetişmeli” diýip adynyň tutulmagyny islemedik, Russiýada okaýan student aýdýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net