Finlýandiýada Russiýadan dolanan futbol janköýerlerinde koronawirus ýüze çykaryldy
26-njy iýunda Finlýandiýanyň Saglyk we abadançylyk instituty Finlýandiýadan Sankt-Peterburga awtobusda syýahat eden adamlary koronawirus testinden geçmäge çagyrdy.
Institutyň direktory Mika Salman häzire çenli Sankt-Peterburgdan dolanan 120 adamda, aglaba futbol janköýerlerinde wirusyň tapylandygyny, şeýle-de olaryň sanynyň artmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Ýewro-2021 çempionatynyň çäginde Sankt-Peterburgda häzire çenli alty oýun geçirilip, 2-nji iýulda şäherde çärýek-final duşuşygy hem geçiriler.
Dünýä boýunça saglyk resmileri wirusyň adamdan adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň eýýäm azyndan 85 ýurtda ýüze çykarylandygyny aýdýarlar. Koronawirusyň bu görnüşi Britaniýada, Portugaliýada we Günorta Afrikada agdyglyk edýär.
Bu aralykda, Awstraliýanyň Sidneý şäherinde wirusyň delta görnüşiniň tapylmagy sebäpli 26-njy iýunda iki hepdelik petiklenme yglan edildi.
Bangladeş delta görnüşiniň “howply we aladalandyryjy” derejede ýaýramagy sebäpli, 28-nji iýundan başlap tutuş ýurt boýunça petiklenme çärelerini ornaşdyrar.
Türkmenistan koronawirus global pandemiýasynyň başlamagyndan bäri, bu ölüm howply ýokanjyň ýeke ýagdaýyny häzire çenli hem hasaba almady.