Eýran ýadro maglumatlary bilen paýlaşmajakdygyny aýtdy
“Şertnamanyň möhleti tamamlandy... Hasaba alnan maglumatlar Atom boýunça halkara agentligine hiç haçan berilmez. Maglumatlar we suratlar Eýranyň öz gözegçiliginde bolar” diýip, 27-nji iýunda ýerli habar serişdeleri Mohammad Baker Kalibafyň sözlerini getirdi.
Atom agentligi we Tähran fewralda üç aý möhletli gözegçilik şertnamasyny baglaşypdylar. Onuň çäginde BMG-niň ýadro agentligi Eýranyň käbir desgalarynda kameralary ýerleşdirip, olaryň üsti bilen maglumatlary we suratlary toplap, analiz edip bilipdi. Soňy bilen şertnamanyň möhleti bir aýa, ýagny 24-nji iýuna çenli uzaldylypdy.
Bu ABŞ bilen Eýranyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny dikeltmek boýunça alyp barýan gepleşikleriniň arasyna gabat geldi.
Mundan öň, ABŞ we Fransiýa şertnamanyň möhletiniň uzaldylmazlygy Eýranyň we dünýäniň iri alty döwleti bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny dikeltmek baradaky gepleşiklere ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini duýdurdylar.