Owganystanyň demirgazygyndaky çaknyşyklar sebäpli Gunduzdan müňlerçe maşgala gaçyp çykdy
Gunduzyň Bosgunlar we repatriasiýa edarasynyň başlygy Ghulam Sahki Rasuliniň sözlerine görä, häzirki wagt şäherden gaýdan müňlerçe maşgala hemaýat berilýär, şeýle-de ýene müňlerçe maşgalanyň sebiti terk etmegine garaşylýar.
1-nji maýda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler Owganystandan resmi ýagdaýda çykarylyp başlanmagyndan soň, “Talyban” ýurduň esli bölegini öz gol astyna geçirdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 25-nji iýunda owgan prezidenti Aşraf Gani we Owganystanyň Raýdaşlyk boýunça milli geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen gepleşikleri geçirip, olara ýurtlarynyň geljegini özleriniň kesgitlemelidigini aýtdy.
Şol bir wagtda, ol ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň 20 ýyldan gowrak wagtdan soň Owganystandan dolulygyna çykarylmagy bilen, Birleşen Ştatlaryň Owganystana hemaýatynyň bes edilmejekdigini hem sözüne goşdy.
2020-nji ýylyň sentýabrynda owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasyndaky Katarda başlanan parahatçylyk gepleşikleri, umuman, petige diredi.
Türkmenistan Owganystanyň demirgazygyndaky, jeňçileriň işjeň hereket edýändigi aýdylýan bäş welaýaty bilen serhetleşýär.