Bäsdeşler Eýranyň prezident saýlawynda berk liniýaly Reýsiniň ýeňşini kabul edýärler
Emma Eýranyň syýasy we dini meselelerinde iň esasy ygtyýarlyga eýe bolan aýatolla Ali Hameneýi ses berişligi "duşman propagandasynyň" ýeňilmegi hökmünde häsiýetlendirdi.
Konserwatiw kandidatlaryň agdyklyk edýän bäsleşigindäki ýeke-täk aram reformaçy we berk liniýaly garşydaş dalaşgärler 19-njy iýunda irden, sesleriň sanalmagynyň dowam edýän wagtynda, aşa konserwatiw kandidat Ebrahim Reýsiniň bir gün öň geçirilen prezident saýlawynda ýeňendigini kabul etdi.
Berk elekden geçirilip seçilen dört kandidatyň we saýlawyň boýkot edilmegi baradaky çagyryşlaryň 60 ýaşly ruhany we kazyýet başlygy Reýsiniň peýdasyna boljakdygy öňünden hem çaklanylýardy.
Içeri işler ministrligi başlangyç netijelere günortan we jemleýji netijelere bir gün soň garaşylýandygyny habar berdi.
Merkezi bankyň ýolbaşçysy, saýlaw kampaniýasynyň soňky gününde bäsleşikden çekilen aram kandidatdan soň ýeke-täk aram dalaşgär bolup galan Abdolnaser Hemmati twitterde özüniň ýeňlendigini boýun alyp, Reýsini gutlady.
Mümkin bolan garşydaşlaryň köpüsi hökmürowan aýatolla Ali Hameneýiň gözegçiligindäki güýçli Goragçylar Geňeşi tarapyndan bäsleşige goýberilmedi we ahyr netijede ýaryşda diňe dört kandidat bäsleşip bildi.
Analitikler bu ses berişlige gatnaşygyň ýurtda geçirilen saýlawlardaky iň pes dereje boljakdygyny we bu ýagdaýyň ýeňijiniň kanuny ýolbaşçy bolmagyna şübhe döretjekdigini aýtdylar.