Moskwa COVID-19 ýokuşmasy sebäpli bir hepde işlemesiz
Bu karar rus paýtagtynda we ýurduň galan böleginde gyşdan bäri täze koronawirus näsaglarynyň has uly möçberde ýüze çykarlandygy barada berlen maglumatlardan soň kabul edildi.
Şeýle-de, Russiýanyň milli pandemiýa boýunça iş topary 12-nji iýunda geçen hepde tassyklanan hadysalaryň gündelik sanynyň 47 göterim ýokarlanandygyny, şol sanda Moskwada näsaglaýanlaryň iki esse artyp, 24 sagadyň dowamynda 6700-den gowrak adam bolandygyny aýtdy.
Bir gün öň ýurt boýunça 13,510 täze näsagyň hasaba alnandygy habar berildi.
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäherdäki restoranlaryň, barlaryň we şuňa meňzeş ýerleriň azyndan 20-nji iýuna çenli sagat 11: 00-dan soň müşderilere hyzmat edip bilmejekdigini aýtdy.
Jemgyýetçilik ulaglarynda we köpçülik ýerlerinde maska we ellik geýmek talabynyň ýerine ýetirilmegi güýçlendiriler, düzgün bozanlar 5000 rubla çenli jerime tölemeli (70 $) bolar.
Şu aralykda, “Interfaks” Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň sözlerine salgylanyp, şu wagta çenli 18 million orsýetliniň COVID-19 sanjymyny alandygyny aýtdy.
Bu ýurtda 144 million çemesi adam ýaşaýar.