Pakistanda iki otlynyň çaknyşmagy zerarly azyndan 36 adam heläk boldy
Port şäheri Karaçiniň demirýol wekili Gül Hasan Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şäherden gatnaýan şäherara otlynyň Sindh welaýatynyň Dherki şäheriniň golaýynda başga bir otlyny kakmagy netijesinde dörän heläkçilik bilen baglanyşykly derňewleriň başlandygyny aýtdy.
Ýaralanan ýolagçylar golaýdaky keselhanalara eltildi. Birnäçe adamyň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.
Halas ediş işgärleri harabalygyň içinde galan adamlary tapmak üçin ýörite enjamlary getirdiler.
Resmiler bu heläkçiligiň daň atmanka ýüze çykandygy we Karaçiden Sargodha barýan ekpres-otlynyň özüne gabat gelen Rawalpindi şäherinden barýan başga bir otly bilen çaknyşyp, relsden düşendigini aýdýarlar.
Premýer-ministr Imran Han bu heläkçiligiň özünde "sarsgyn döredendigini" aýtdy we "demirýol howpsuzlygyndaky näsazlyklary giňişleýin derňemegi" buýurdy.
Pakistanda soňky ýyllarda otly heläkçilikleriniň ençemesi boldy. Bu Günorta Aziýa ýurdunda otly gatnawy meşhur hasaplanýar, emma otlularyň tehniki ýagdaýy erbet we olaryň içi ýolagçylardan hyryn-dykyn bolýar.