Türkiýedäki dikuçar heläkçiliginde azyndan 11 harby öldi
Deslapky maglumatlara görä, heläkçiligiň sebäbi howanyň erbetligi ýa-da dikuçaryň tehniki näsazlygy bilen baglanyşykly bolup biler.
NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg harbylaryň ölümi bilen baglanyşykly Türkiýä gynanç bildirdi.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem, resmi metbugatyň 5-nji martdaky habaryna görä, bäşinji gün öýlän harby dikuçaryň heläkçiligi bilen baglanyşykly gynanjyny bildirip, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hat iberdi.