“Talyban” Owganystandaky howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümde 12 adamy öldürdi
"Talyban" söweşijileriniň bir topary ýurduň günbatar Hyrat welaýatynda ýerli howpsuzlyk güýçleriniň 12 agzasyny öldürdi, sebit polisiýasy ony 16-njy ýanwarda içerki hüjüm diýip häsiýetlendirdi.
Hyrat polisiýasynyň metbugat sekretary Abdul Ahad Walizada bu hüjümiň 15-nji ýanwarda giçlik, üç sany "sümüp giren talyban" tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.
Ol hüjümçileriň öldürilen söweşijileriň ýaraglaryny we ok-därilerini alyp, gaçyp gidendigini, owgan hökümet güýçleriniň bu sebite gözegçiligi dikeldendigini hem sözüne goşdy.
Şu aralykda Kabul polisiýasynyň beren habaryna görä, 16-njy ýanwarda paýtagt Kabulda iki polisiýa işgäri öldürildi, biri ýaralandy.
Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.
Katar prosesi arkaly dowamly parahatçylyga umyt baglaýandygyna garamazdan, "Talyban" merkezi hökümete garşy gazaply gozgalaňyny dowam etdirýär, söweşiji topar "Yslam döwleti" soňky aýlarda paýtagtda bolup geçen köp hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Owgan hökümetiniň we “Talybanyň” wekilleri häzirki wagtda Kataryň paýtagty Dohada gepleşikleriň gün tertibini ara alyp maslahatlaşýarlar.