ÝHHG-nyň synçy missiýasynyň ýolbaşçysy Gygyzystanda geçirilen goşa saýlawda jemgyýetçilik çekişmeleriniň bolmandygyny aýtdy
10-njy ýanwarda geçirilen saýlawlarda ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň synçy missiýasyna ýolbaşçylyk eden Tamas Meszerics Gyrgyzystanyň “saýlaw düzgünleriniň hukuk binýadynyň gowudygyny, ýöne referendum bilen bagly meseleleriň has gümürtikdigini” aýtdy.
Üç aý mundan ozal galp saýlawlar sebäpli ýüze çykan köçe protestleriniň arasynda türmeden boşan öňki tussag hem-de milletçi syýasatçy Sadyr Japarow saýlawlarda köp ses alyp ýeňiş gazandy.
Şol bir wagtyň özünde gyrgyz saýlawçylary gaýtadan prezident dolandyryş ulgamyna geçilmegine giň goldaw berdi. Bu, täze konstitusiýa kabul edilse, Japarowyň ygtyýarlyklaryny giňelder.