Eýran ABŞ bilen dartgynlylyklaryň arasynda harby-deňiz türgenleşigini geçirýär
Döwlet mediasynyň 13-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, iki günlük türgenleşiklere Eýranyň iň uly harby gämisi diýlip häsiýetlendirilen “Makran” logistiki gämisi we raketa atyjy “Zereh” gämisi gatnaşypdyr.
Prezident Donald Tramp 2018-nji ýylda ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan çykaraly bäri, iki ýuduň arasyndaky gatnaşyklar hasam ýitileşdi.
Waşington Eýrana garşy sanskiýalary hem girizdi. Tähran muňa jogap edip ýadro ylalaşygynda urany baýlaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan çäklendirmelerinden el çekip başlady.