Putin Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirýär
Kremliň maglumatyna görä, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 11-nji ýanwarda möhüm meseleler we şertnamanyň ýerine ýetirilişi barada pikir alşarlar.
"Zorlukdan ejir çeken giňişliklere ýardam bermek, söwda hem ulag aragatnaşygyny açmak we ösdürmek meselelerine aýratyn üns berler" - diýip, maglumatda aýdylýar we Putiniň iki lider bilen aýratyn duşuşjakdygy hem habar berilýär.
9-njy noýabrda baglaşylan ýaraşyk şertnamasyna laýyklykda Daglyk-Garabagyň bir bölegi we ermeniler tarapyndan 30 ýyl töweregi gözegçilik edilen ýedi etrap we onuň töwerekleri Azerbaýjanyň gözegçiliginiň astyna geçdi.
Ylalaşygyň köp jikme-jiklikleri, şol sanda Daglyk-Garabagyň soňky syýasy ýagdaýy, serhediň takyk çäkleri, iki tarapyň henizem dowam edýän harby garşylygy bilen bagly, şeýle-de ykdysady meselelere degişli detallar mälim edilmeýär.
Ermenistan uruş ýesirlerini çalyşmak bilen baglanyşykly dowam edýän dawa we Azerbaýjanyň liniýasynyň aňyrsynda ölen we dereksiz ýiten adamlary gözlemek bilen bagly ýagdaýlara-da gaharlanýar.