Hans Kluge: Türkmenistanyň COVID-19 testlerini BSG-niň laboratoriýalaryna ibermeýändigi ‘gynandyrýar’
Hans Kluge bu barada 6-njy ýanwarda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi, şeýle-de türkmen hökümeti bilen bu rekommendasiýalar babatynda açyk dialogyň dowam edýändigini belledi.
Türkmen häkimiýetleri, dünýä boýunça koronawirus ýagdaýlarynyň gürelmegine garamazdan, ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem ýokdugyny öňe sürýärler. Şol bir wagtda, Azatlyk, şeýle-de beýleki garaşsyz neşirler ýurtda koronawirusa ýolugýanlar, ondan heläk bolýanlar barada yzygiderli maglumatlary berip gelýär.
Türkmenistanda koronawirusa garşy çäreler, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň koronawirus boýunça missiýasynyň ýurda baryp göreninden soň, iýul aýynda durmuşa geçirilip başlandy. Şonda daşary ýurtly bilermenler Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat berdi.