Rus kompaniýasynyň öňki müdiri 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Kazyýet işiniň gizlin edilmegi sebäpli ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginden soň, Tsurkanyň aklawçylary – “ Team 29” hukuk toparynyň agzalary – bu karary şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.
“Bu gün, şübhesiz, rus adalatynyň gara sahypasy hökmünde taryha girer. Bir bigünä adam – men sözlerime jogapkär – 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi” diýip, Tsurkanyň aklawçylarynyň biri Iwan Pawlow aýtdy.
Pawlow “Team 29” toparynyň Tsurkana garşy subutnamalary “düýpli seljerendigini” aýdyp, olaryň käbiriniň galplaşdyrylandygynyň kesgitlenendigini hem belledi.
Tsurkan 2019-njy ýylyň iýun aýynda Russiýanyň esasy howpsuzlyk gullugy FSB tarapyndan tussag edildi we ady aýdylmadyk daşary ýurda içalyçylyk etmekde aýyplandy. Tsurkan bu aýyplamalary “absurd, ýagny bolgusyz” diýip atlandyrdy.