Sowuk gyş we polisiýa eden-etdilikleri öýsüzleri 'has çykgynsyz' ýagdaýa salýar
Türkmenistanda howanyň sowamagy bilen, öýsüz-öwzarsyz adamlar üçin has kyn günler başlandy. Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy öýsüzleriň öňki horluklarynyň üstüne güýç gurluşlarynyň wekilleriniň elinde barha kän mugt işçi güýjüne öwrülmek howpunyň hem goşulandygyny habar berýär.