Pandemiýa 2021-nji ýylda kömege mätäçleriň sanynyň ýokarlanmagyna sebäp bolar
BMG-niň edarasy 1-nji dekabrda çap eden ýyllyk “Global ynsanperwer synynda” geljek ýyl ynsanperwer kömegine mätäç adamlaryň sanynyň häzirki ýyl bilen deňeşdirilende 40 göterim ýokarlanjakdygyny çaklaýar.
Şeýle-de, Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak boýunça edara eger 2021-nji ýylda ynsanperwer kömegine mätäç adamlaryň hemmesi bir ýurtda ýaşasa, onda olaryň 235 million ilatly dünýädäki bäşinji uly döwlet boljakdygyny hem belledi.
BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres pandemiýanyň ynsanperwer kömegiň býujetine agyr täsir edendigini we aşa garyplygyň derejesiniň bir nesilden gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek ýokarlanýandygyny aýtdy.
Gurama mätäç ýurtlaryň arasynda Yemeniň, Owganystanyň, Kongonyň, Haitiniň, Nigeriýanyň, Günorta Sudanyň, Ukrainanyň we Wenesuelanyň bardygyny aýtdy.
Bu ýylky sanawa täze goşulan ýurtlaryň arasynda Mozambik, Pakistan we Zimbabwe bar.