Golland kazyýeti MH17 heläkçiliginiň mümkin bolan beýleki sebäplerini derňemek boýunça edilen haýyşy ret etdi
Gollandiýanyň bir kazyýeti gündogar Ukrainada 2014-nji ýylda Malaziýa howa ýollaryna degişli MH17 gatnawly uçaryň urlup ýykylmagy bilen bagly dört aýyplanýana garşy gozgalan sud işinde 298 adamyň ölümine getiren heläkçiligiň mümkin bolan başga sebäplerini derňemek üçin has köp wagt soraýan haýyşy ret etdi.
MH17 Amsterdamdan Kuala Lumpura barýarka gündogar Ukrainada Moskwa goldawly separatistleriň gözegçiligindäki territoriýada Russiýada öndürilen Buk raketa sistemasy bilen urlup ýykyldy.
Pidalaryň tas üçden ikisi golland raýatlarydy. Alty ýyla çeken halkara derňewden soň prokurorlar uçaryň separatist söweşijiler tarapyndan urlup ýykylandygyny, söweşijileriň bir rus harby bazasyndan raketa alandygyny aýtdy.
Derňew netijeleri düýbi Britaniýada ýerleşýän Bellingcat topary ýaly halkara derňewçiler we žurnalistler tarapyndan toplanan subutnamalar bilen tassyk boldy ýa-da goldanyldy.
Dört güman edilýän, russiýaly Sergeý Dubinskiý, Oleg Pulatow, Igor Girkin we ukrainaly Leonid Harçenko heläkçilige gatnaşykda aýyplanyp, Gaganyň kazyýetinde gaýybana sud edilýär.
Sud diňlenişiginde diňe bir güman edilýäne, Pulatowa, aklawçylar tarapyndan wekilçilik edilýär.