World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


<
>

Häkimiýetler Taganowany Tihanowskaýa deňeýär, halk aýaklanmalaryndan howatyr edýär

Häkimiýetler Taganowany Tihanowskaýa deňeýär, halk aýaklanmalaryndan howatyr edýär

Türkmenistanda häkimiýetler köpçülikleýin halk nägileliginden howatyr edip, geçen tomus Stambulda türkmen hökümetine garşy protest aksiýasyna gatnaşandan soň saklanan we ýaňy-ýakynda azatlyga goýberilen aktiwist Dürsoltan Taganowany garalamak kampaniýalaryna girişdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Häkimiýetler Lebap welaýatynda girişen garalama kampaniýalaryna jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini hem-de býujet işgärlerini çekýärler, olar bilen duşuşyk geçirýärler.

“Türkmenabatda we Farapda jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, zenanlar guramasynyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM), Içeri işler ministrliginiň (IIM) hem-de prokuratura edaralarynyň wekilleri iki hepde bäri býujet edaralaryna baryp, Dürsoltan Taganowany garalaýan ýygnaklar geçirýärler” diýip, habarçy habar berdi.

Şeýle duşuşyklarda häkimiýet wekilleri “Taganowa Tihanowskaýa ýaly halkyň arasynda demonstrasiýalary gurnamagy planlaşdyrýar” diýen çaklamaly pikirleri orta atýarlar diýip, ýygnaga mejbury gatnaşan pedagog Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Belarusyň oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa prezidentlige dalaş etmäge synanyşan adamsy tussag edilenden soň, ýurduň 9-njy awgust saýlawlarynda iş başyndaky awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenka garşy bu wezipä dalaş etdi. Munuň yzýany, belarus halky Lukaşenkany altynjy möhlete wezipä gaýtadan getiren saýlaw netijelerine garşylyk bildirip, köçelere çykdy we üç aýa golaý wagt bäri saýlaw netijeleriniň galpdygyny, Tihanowskaýanyň kanuny ýeňijidigini aýdyp, köpçülik demonstrasiýalaryna yzygiderli dowam edýärler. Tihanowskaýa özüne we maşgala agzalaryna atylan haýbatlaryň arasynda Belarusy terk etdi.

Dürsoltan Taganowanyň ady bilen türkmen jemgyýetçiligi ilkibaşda iýulyň ahyrynda tanyşdy. Geçen tomus daşary ýurtlarda, Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we ABŞ-da ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda oppozision hyjuwlar oýanyp, olar Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklara we ýurduň gündogar sebitlerinde apreliň ahyrlarynda turan heläkçilikli harasata häkimiýetleriň "görkezen biperwaýlygyny" tankyt etdiler we yzly-yzyna dürli ýurtlarda onlarça türkmenistanlynyň gatnaşmagynda demonstrasiýalary geçirip başladylar. Ynha, şol mitingleriň birine, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň 19-njy iýulda Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde geçiren ýörişine Dürsoltan Taganowa-da gatnaşdy. Ýöne, mitinglere gatnaşan onlarça türkmenistanly, şol sanda Taganowa türk häkimiýetleri tarapyndan saklandy, olaryň hatarynda Dürsoltan Taganowa ýaşaýyş rugsadynyň tamamlanandygyna garamazdan, Türkiýede galmakda aýyplanyp, Stambulyň bir deportasiýa merkezine äkidildi.

Munuň yzýany, türkmen aktiwistleri we garşylyk toparlary sosial media arkaly Taganowanyň boşadylmagyna çagyryş edip başladylar, olar türkmen häkimiýetlerini Taganowany Türkmenistana gaýtarmaga synanyşmakda aýypladylar. 12-nji oktýabrda Human Rights Watch bilen bir hatarda adam hukuklaryny goraýjy 11 gurama aktiwistiň Türkmenistana ugradylan halatynda oňa howp abanýandygyny aýdyp, Ankaradan Taganowany azatlyga goýbermegi talap etdi. Ertesi güni, 13-nji oktýabrda Dürsoltan Taganowa deportasiýa merkezinden goýberildi.

Ýöne, munuň bilen aktiwistiň göreşi tamamlanmadyga meňzeýär. Onuň azat edilmeginden soň, türkmen häkimiýetleri onuň Türkmenistanda ýaşaýan hossarlaryna basyşy güýçlendirip başlady. Ynha, iki hepde bäri bolsa, Lebapda häkimiýet wekilleri býujet edaralaryna aýlanyp, aktiwisti garalaýar, ony ýurtda syýasy tolgunyşygy gurnamaga synanyşmakda aýyplaýar.

Ýöne Taganowadan ozal hem, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, hususan-da Lebap welaýatynda häkimiýetlerden nägile raýatlaryň sany az däldi. Türkmenistan indi üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçlyklary, nagt ýetmezçiligini, azyk haryt gytçylygyny we gymmatçylygyny başdan geçirýär.

“Taganowa ýaly raýatlar Lebapda hem köp. Azyk we pul gytçylygy bilen bagly meseleler, işsizlik, garyp gatlagyň köpelmegi sebäpli Arkadagdan närazy raýat köp” diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçy gürrüň berdi.

Ýöne diňe bir ykdysady kynçylyklar däl, synçynyň sözlerine görä, resmi Aşgabadyň Lebaba “gyýa göz bilen garamak syýasaty hem” köplerde nägilelik döredýär. Onuň sözlerine görä, Aşgabat Lebaby ala tutýar.

“Adamlar närazy. Şu ýyl tebigy betbagtçylykda adamlara kömek edilmezligi “halky kemsitmek” hökmünde kabul edildi.Eger tebigy betbagtçylyk Ahalda ýa-da Gökdepede bolan bolsa, adamlara kömek edilerdi. Mysal üçin, Büzmeýindäki ammar ot alanda adamlara kömek berlipdi. Lebapda bolsa, hatda, telewideniýede hem aýtmadylar” diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan bir lebaply gürrüň berdi.

2011-nji ýylyň iýul aýynda paýtagt Aşgabatdan 20 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýän Büzmeýin şäheriniň eteginde bir ok-däri ammarynda partlama boldy. Şonda garaşsyz çeşmeler 200-den köp adamyň partlamada heläk bolandygyny aýtdy, resmi metbugat 15 adam ýitgisi barada habar berdi.

Şu ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde güýçli harasat boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bu harasatyň netijesinde 35-den gowrak adamyň heläk bolandygyny, sebitde ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň uly zyýan çekendigini habar berdiler. Döwlet mediasy we hökümet resmileri bu heläkçilik barada henize çenli dymyşlygy saklap gelýär.

“Farapda, Türkmenabatda adamlar ýaralandy, wepat boldy. Şol wagtlar adamlar emeldarlaryň ýadyna düşmedi” diýip, ýerli synçy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy harasat gabatlary hökümet resmileriniň arasynda bu heläkçilik barada aýdylan käbir gürrüňlere salgylanyp, şeýle gürrüňlerden habarly häkimiýet wekillerine ýakyn bir çeşmäniň sözlerini getirdi.

“Aşgabatda emeldarlar 5 [adam] öleni bilen ahyrzaman bolmaýar diýdiler” diýip, habarçy ýagdaýdan habarly çeşmäniň aýdan sözlerini getirdi.

“Indi oppozisiýa ýeňip başlady. Deportasiýa merkezinden azatlyga çykmagy başardy. Bu uly ýeňiş Arkadagyň rahatyny gaçyrdy” diýip, ýerli synçy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň Ankara eden çagyryşyndan soň Stambuldaky deportasiýa merkezinden goýberilen aktiwist Dürsoltan Taganowa gelip çykyşy boýunça Lebap welaýatynyň ýaşaýjysydyr.

Habarçynyň lebaply gürrüňdeşleri MHM işgärleriniň welaýatyň býujet edaralarynda gürrüňdeşlikleri ýygjamlaşdyrandyklaryny nygtady.

“Ýygnaklar bilen diňe 15 prosent adamy razy ederler, Lebabyň galan işsiz 85 prosent halkyny razy etmezler” diýip, aktiwisti garalamak kampaniýalarynyň çäginde geçirilen ýygnaklara gatnaşan pedagog anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna öz garaýyşlaryny beýan etdi.

“Arkadag Aşgabat bilen Gökdepeden başga ýerlere-de deň seretmese erbet bolar” diýip, ol sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Николай Патрушев провел рабочий день в Архангельске и в Северодвинске



Здоровье

В Ставрополе открылась фотовыставка «Фокус внимания»




Українські новини

Квадратні горщики для квітів та розсади: практичний та зручний вибір



Новости 24 часа

Социальная работа на предприятии: современные тенденции и интересные кейсы



Game News

Duskfall — RPG-игра в формате данжен-кроулера на Android



Москва

Молочные продукты возглавили рейтинг самых проверяемых товаров с маркировкой



News Every Day

Danielle Serdachny scores OT goal to lift Canada to 6-5 win over US in women’s hockey world final



Интернет

24 компании получили статус партнера в программе Hybrid Partners за 6 месяцев



Москва

В Москве мужчина привлек внимание полиции неудачной шуткой о «Крокусе» — БлокнотРУ — Крокус Сити Холл новости. Крокус Сити Холл. Список заказчиков Крокус Сити Холл. Кто владелец Крокус Сити Холл в Москве? Владелец Крокус Сити Холл в Москве. Крокус Сити. Новости. Крокус. Крокус Сити новости. Крокус Сити Холл новости. Последние новости Крокус Сити. Крокус Сити последние новости. Крокус. Крокус последние новости. Новости Крокус. Крокус Сити Холл новости сегодня. Крокус Сити Холл. Крокус Сити новости. Крокус новости. Последние новости Крокус Сити Холл.



Юрий Лоза

Лоза объяснил поведение Лепса, выбившего телефон из рук фанатки на концерте



Москва

Южный микрорайон в Балашихе благоустроят к 1 мая



WTA

Полина Кудерметова проиграла Плишковой в первом круге турнира WTA в Руане



Москва

«Кот в мешке» на «Юмор FM – Санкт-Петербург»



Стивен Сигал

неПростой парень из Ревякино: Владимир Шемякин про новый офис, радио, Тулу, Стивена Сигала, цветные яйца и юбилей



Симферополь

Литературное досье «Астафьев известный и неизвестный»



Москва

Центр «ВОИН» открыл новые региональные отделения



Москва

Сергей Собянин рассказал о строительстве дорог в районе Филёвский парк



Москва

Минфин РФ: отсутствие интероперабельности - это препятствие к использованию ЦФА в международных расчетах



Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Поможем природе вместе — творческий конкурс экоподелок «Турбозавров» и детского познавательного телеканала О!





Путин в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге: «Запуск «Ангары-5» — новая страница в развитии космической отрасли России» 


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

У помощника Лукашенко по общим вопросам нашли три квартиры в Минске




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

В Киеве обвинили Зеленского в неспособности добиться нового пакета помощи от США


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Алла Пугачёва

Пугачевой не с кем встретить юбилей в Москве: отказали в поклонении



Москва

Вандальные надписи устранили еще с 16 остановок в Истре

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net