Belarusda umumymilli iş taşlaýyş başlaýan mahaly, BMG-de protestçilere garşy zorlugy bes etmek çagyryşlary ýokarlanýar
Anais Marin tarapyndan edilen bu talap oppozisiýanyň çagyryşy boýunça bat berlen hem-de onuň dowamynda ýene ýüzlerçe adam saklanan umumymilli iş taşlaýyş başlanandan soň edildi.
Marin Adam hukuklary komitetine awgust we sentýabr aýlarynda azyndan 20 müň adamyň saklanandygyny hem-de ýüzlerçe adamyň tussaglykda wagty urlup-ýenjilendiginiň, gynalandygynyň ýa-da olara erbet çemeleşilendiginiň habar berlendigini aýtdy.
Mariniň ýüzlenmesi soňra esasan ýewropaly 52 ýurduň we Ýewropa Bileleşigniň komitete beren beýanatynda gaýtalandy.
Şeýle-de, olar parahat demonstrantlara garşy zorlugyň hem-de oppozisiýa liderleriniň, žurnalistleriň we adam hukuklaryny goraýjylaryň gorkuzylmagynyň bes edilmegine çagyryş etdiler.
Belarus Lukaşenka garşy demonstrasiýalar bilen sarsylýar. Onuň 9-njy awgustda altynjy möhlete gaýtadan saýlanmagy saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýan oppozisiýada nägilelik döretdi.
Oppozisiýa awgust saýlawlarynyň netijeleriniň galpdygyny hem-de Tihanowskaýanyň kanuny ýeňijidigini aýdýarlar.
Tihanowskaýa Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegine basyşy güýçlendirmek üçin bat berlen iş taşlaýyşyň “entek ýaňy başlanandygyny we güýçlenip dowam etjekdigini” aýtdy.