Gazagystandaky açlyk barada düşürilen kino ABŞ-da baýrak aldy
Žanbolat Mamaýyň “Zulmat. Gazagystanda köpçülikleýin açlyk" filmi Ynsanperwerlik baýragy (The Humanitarian Award) bilen sylaglandy. Bu baýrak ynsanperwerlik gymmatlyklaryny gorap saklamaga we ösdürmäge goşulan aýratyn goşant goşan adama, film taslamasyna ýa-da filme berilýär diýip, habarda aýdylýar.
23-nji oktýabrda görkezilen “Zulmat” (Betbagtçylyk) dokumental filmi 1920-nji we 1931-1933-nji ýyllarda Gazagystanda bolan köpçülikleýin açlygyň iki döwrüni öz içine alýar we onuň sebäplerini açyp görkezýär.
Bu açlyk, filmde getirilýän delilli pikirlere görä, sowet düzgünine garşy çykan "baýlaryň" kulakçylyga çekilmegi we mejbury kollektiwleşdiriş syýasatynyň netijesinde döreýär.
Filmiň esasy meselesi köpçülikleýin açlyk sowet häkimiýetleriniň gazak halkyny gyrmak üçin bilkastdan eden hereketleriniň netijesimi ýa-da däl diýen sorag bolup, onuň dowamynda häkimiýetleriň hereketleriniň bilkastdan edilendigini görkezýän anyk deliller orta atylýar.