Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас




Загрузка...

2021-nji ýyl üçin döwlet býujeti kabul edildi, girdejiler öňküsinden 6% azaldy

16
2021-nji ýyl üçin döwlet býujeti kabul edildi, girdejiler öňküsinden 6% azaldy

Türkmenistanyň Mejlisi dünýä ykdysadyýetini aljyraňňylyga salan koronawirus pandemiaýasyndan soň ilkinji döwlet býujetini tassyklady. Ýurtdaky dowam edýän ykdysady krizisiň we maliýe ýetmezçiliginiň arasynda Türkmenistanyň býujetiniň girdejiler bölegi eýýäm tapgyr ençeme ýyl bäri azalýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu ýyl býujetiň girdejileri 79,509.6 million (79 milliard 509 million 600 müň) manat möçberinde kesgitlenildi. Bu dollaryň resmi kursundan orta hasap bilen 23 milliard dollara, “gara bazaryň” nyrhyndan ortaça 3,4 milliard dollara deň bolýar.

Türkmenistanda 2020-nji ýylda döwlet býujetiniň girdejileri 84,391.7 million (84 milliard 391 million 700 müň) manat möçberinde kesgitlenipdi. Bu sanlardan çen tutulsa, bu ýyl Türkmenistanyň döwlet býujetiniň girdejileri ortaça 4,9 milliard manat möçberinde, ýagny 6.1 % azaldy.

Has ozalky sanlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň girdejilerini 103,571.6 million (103 milliard 571 million 600 müň) manat möçberinde tassyklapdy.

Bu san göz öňünde tutulanda, Türkmenistanyň döwlet býujetiniň göz öňünde tutulýan girdejileriniň soňky dört ýylyň dowamynda 22% kemeldigi bolýar.

Resmi maglumatlarda döwlet býujetiniň aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda düzülýändigi we ýerine ýetirilýändigi habar berilýär. Ýöne býujet boýunça Mejlisiň geçirýän maslahatlarynyň mazmuny, olaryň alnyp barlyşy, deputatlaryň arasynda parlamentde döreýän çekişmeler barada ilata maglumat ýetirilmeýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň daşary ýurtlaryň býujet aýdyňlygy boýunça şu ýylyň iýunynda çap eden hasabatynda, Türkmenistanyň býujetiniň maliýe aýdyňlygynyň iň pes şertlerine hem gabat gelmeýändigi bellenilýär.

Hasabatda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygyndaky döwür seljerilýär.

“Hasabat döwründe Türkmenistan umumy girdejilerini döwlet gazetinde çap etdi, emma býujet resminamalaryny we salgyt borçnamalaryny aýan etmedi. Býujet barada elýeterli edilen maglumatlar doly bolman, olarda tebigy resurslardan gelen döwlet girdejileri görkezilmeýär. Hökümetiň býujetden daşarky durnuklylyk fondy baradaky maglumatlar köpçülige ýetirilmeýär. Býujet dokumentleriniň ýoklugy sebäpli, býujetiň ygtybarlylygyny kesgitlemek başartmaýar” diýip, hasabatda nygtalýar.

Geçen anna güni geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, 2021-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70%-den gowrak möçberiniň durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdirilmelidigini aýtdy. Ol bu serişdeleriň 28,5%-i bilimi, 10%-i saglygy goraýşy we 24,8 %-i durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidigini aýtdy.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow býujetde ilatyň “abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny” belledi. Şol bir wagtda, ol ýurtdaky ýiti maliýe krizisiň fonunda azyk gytçylygyndan, maliýe ýetmezçiliginden, iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldilmegi netijesinde işsizlikden kösenýän, şeýle-de koronawirus çäklendirmeleri sebäpli girdeji çeşmelerinden mahrum galan raýatlaryň, onuň öz sözi bilen aýdylanda, “bolelin durmuşda ýaşamagyny” nähili durmuşa geçirmegi planlaşdyrýandygyny aýdyňlaşdyrmady.

Galyberse-de, regional synçylar Türkmenistanyň kabul edýän döwlet býujetleriniň, olarda harçlanmaly serişdeler barada getirilýän sanlaryň, hususan-da sosial maksatly çykdajylar üçin bellenilýän harajatlaryň aslynda hakykatda hiç zady aňlatmaýandygyny, olaryň diňe media üçin söz bolup durýandygyny belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net



Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России





Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа



Загрузка...





123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. Отели в Москве — здесь. Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.