Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


ABŞ-da türkmenistanlylaryň iň uly protest aksiýasy geçýär.WIDEO

ABŞ-da üç gün bäri Türkmenistanyň raýatlary türkmen konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty bilen ylalaşmaýandyklaryny mälim etmek boýunça geçirýän çykyşlaryny dowam etdirýärler.


Aktiwistleriň pikiriçe, Türkmenistanyň baş kanunynyň üýtgedilmegi ýurtda häkimiýetiň bir elde jemlenmeginiň doly kanunlaşdyrylmagyna we miras geçmegine ýol açyp, yzyna gaýtaryp bolmajak bir ýagdaýa getirer.


1-nji sentýabrda Waşingtonda aktiwistler günortan türkmen ilçihanasynyň öňünde ýygnanyp, soňra bolsa Kongrese tarap gitmegi planlaşdyrýarlar.


Bu protest çykyşlary ABŞ-da, Kanadada we Ýewropada ýaşaýan türkmen raýatlary, şol sanda Narjan Muzapberowa, Muhammet Düýeji we Myrat Gurbanow guraýarlar.


Guramaçylaryň biri, "Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy" (DWT) hereketiniň lideri Myrat Gurbanowyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, Waşingtondaky aksiýalary demonstrantlar Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde başlarlar we öz pozisiýalaryny beýan edip, Türkmenistanda konstitusion reforma boýunça referendum geçirmegi talap ederler.




Soňra 15:00-da Kongresiň binasynyň öňünde jemlenerler. Aktiwistler Kongresiň wekilleri we amerikan senatory bilen duşuşmagy planlaşdyrýarlar.


"Mundan başga-da, ertir senator bilen duşuşarys. Şahsy duşuşykda Türkmenistanda bolup geçýän wakalar barada jikme-jik maglumat bereris we "Türkmenistanyň demokratik saýlawy hereketimiziň" beýanatyny gowşurarys hem kömek sorarys" diýip, Myrat Gurbanow 31-nji awgustda Azatlyk Radiosyna aýtdy.




31-nji awgustda guramaçylar Myrat Gurbanow, Narjan Muzapberowa we Muhammet Düýeji YouTube kanalynda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisine ýüzlenme ýerleşdirip, 1-nji sentýabrda geçiriljek demonstrasiýada aktiwistler bilen duşuşmaga çagyrdylar.


Türkmenistanda konstitusiýasyny üýtgetmek boýunça işler geçen ýylyň sentýabr aýynda başlandy. Şu ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň prezidenti we Konstitusiýa komissiýasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek" kararyna gol çekdi, oňa laýyklykda esasy kanun taslamasy 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisinde tassyklanar.


Ýurduň häkimiýetleri tarapyndan göz öňünde tutulan konstitusiýa reformasynyň jikme-jikleri köpçülige mälim edilmedi. Resmi taýdan yglan edilen planlaryň arasynda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe döredilen we Berdimuhamedow tarapyndan ýatyrylan we soňra dikeldilen kanun çykaryjy organyň Halk Maslahatynyň gatnaşmagynda iki palataly parlamenti döretmek niýetlenýär. Özgertmeleriň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi kanun çykaryjy organyň ygtyýarlyklaryny ýitirer.


 




Türkmen aktiwistleriniň protest çäresi 2-nji sentýabrda Nýu-Yorkda BMG-niň baş edarasynyň öňünde dowam etdiriler. Bu çäre ýerli wagt bilen öýlän sagat 12-de başlanar.


29-njy awgustda ABŞ-daky türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň prezidentiniň syýasatlaryna we ýurduň konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere garşy çykyşlarynyň häzirki tapgyry barada Youtube kanaly arkaly habar berdiler.


Ilkinji protest 30-njy awgustda Hýustonda geçirildi. Türkmen aktiwistleriniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna we konstitusion üýtgetmelerine garşy çykyşlary 31-nji awgustda Pittsburgda dowam etdi.


Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň köpçülikleýin nägilelik bildirmegi şu ýylyň maý aýynda başlandy. Birnäçe aý bäri demonstrasiýalar ABŞ-da, Türkiýede we Demirgazyk Kiprde geçirilýär.


Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda tupandan ejir çeken ilata kömek etmezligi, COVID-19 alamatlary keselçiligiň we ölümiň köpçülikleýin ýüze çykmagyna garamazdan, koronawirusyň bardygyny ykrar etmezligi, şeýle hem uzaga çeken ykdysady krizis ýurduň içinde we daşynda nägileligiň döremegine sebäp boldy.




63 ýaşly prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň dekabr aýynda Saparmyrat Nyýazow ýogalaly bäri Türkmenistany dolandyrýar.


2016-njy ýylyň ahyrynda prezident Berdimuhamedow öz ogly Serdary syýasy ulgamynda öňe sürüp başlady. Serdar Berdimuhamedow Mejlis agzasyndan başlap, daşary işler ministrliginde ýokary wezipe eýeledi, soňra bolsa Ahal welaýatyna baştutanlyk etdi we soňunda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesini eýeledi.


2019-njy ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow Serdar Berdimuhamedowyň öňdebaryjy wezipelere bellenmeginiň öňüni alýan döwlet häkimiýetinde we dolandyryşda garyndaşlaryň bilelikde işlemegini çäklendirýän kanuny ýatyrdy.


Resmi neşirlerde Türkmenistanyň prezidentiniň ogly "halkyň ogly" diýlip atlandyryldy we onuň kakasy bilen bilelikde köpçüligiň öňünde çykyş etmegi "nesilleriň dowamlylygynyň nyşany" diýlip mahabatlandyryldy.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net