Özbegistanda haýyr-sahawat fondy COVID-e garşy göreşmek üçin niýetlenen serişdeleri ogurlamakda aýyplanýar
Ýurduň baş prokuraturasy Asrol Mirzahmedowyň we birnäçe işgäriň lukmançylyk enjamlaryny we dermanlary ýokarlandyrylan bahadan satyn almak boýunça dildüwşükde aýyplanýandygyny aýtdy. Olara uly mukdarly pul galplygyna baş urmakda günä bildirilýär we tassyklanan halatynda bäş ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.
Günä bildirilýänleriň tussag edilip-edilmändigi we dermanlaryň hem gurallaryň üpjünçileri barada maglumat ýok.
Soňky aýlarda "Saglyk we sahawat" atly haýyr-sahawat fondy COVID-19-a garşy göreşmek üçin dürli maksatlar üçin millionlarça dollar pul aldy.
Ýerli metbugatyň habarlaryna görä, asly Özbegistanly rus oligarhy Alişer Usmanow Daşkendäki keselhana häzirki zaman enjamlaryny satyn almak üçin 20 million dollar pul berdi.