Meksikada sapaklar TW arkaly geçiriler
ABŞ-da millionlarça student onlaýn görnüşde sapaga başlanda, Zoom 2,5 sagat töweregi elýetersiz boldy.
Zoom pandemiýa döwründe onlaýn maslahatlary, söhbetleri, sapaklary gurnamak üçin giňden ulanyldy.
Zoom ýüze çykan näsazlygyň jikme-jiklerini äşgär etmedi.
Meksikadaky ene-atalar telewideniýe arkaly beriljek bilimiň hiline, şeýle-de öý şertlerindäki okuwyň çagalaryň aňyna we bedenine täsir ýetirip biljekdigine alada bildirýärler.
Meksikada okuwlar martda togtadyldy.
Meksika koronawirusdan ölýänleriň sany boýunça ABŞ-dan we Braziliýadan soň, dünýäde üçünji orunda dur.