Täze Zelandiýada COVID-19 näsaglarynyň sany artýar. Tehasda ölenleriň sany 10 müňden aşdy
Täze hasaba alnan 13 näsagyň 12-si Oklendde bar bolan wirus topary bilen baglanyşykly.
Wirus sebäpli Täze Zelandiýanyň şäherlerinde we etraplarynda sosial aralygy saklamak düzgünleri öz güýjünde galýan mahaly, Oklend şäherinde petiklenme çäreleri dowam edýär.
Johns Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, Täze Zelandiýa häzire çenli koronawirus bilen kesellän näsaglaryň 1631 sanysyny hasaba aldy we ýurtda bu wirusdan 22 adam öldi.
Maglumata görä, 17-nji awgustda Tehasda koronawirusdan ölen tassyklanan näsaglaryň sany 10 müňden aşdy. Şeýlelikde, Tehas ABŞ-da koronawirusdan ölenleriň sany 10 müňden aşan dördünji ştat boldy. Beýleki ştatlar Nýu-Ýork, Nýu-Jersi we Kaliforniýadyr.
Aziýada, Filippinleriň prezidenti Rodrigo Duterte Manilada we onuň daş töweregindäki dört welaýatda petiklenme çäreleriniň ýeňilleşdiriljekdigini yglan etdi. Bu ýurtda tassyklanan koronawirus wakalarynyň sany 164 müňe ýetdi, şol sanda 2681 adam öldi.