Bütindünýä banky Merkezi Aziýada pandemiýadan soň çuňňur çökgünlik boljagyny çaklaýar
Bu sebitiň ýurtlarynda studentleriň we ýaşlaryň umumy ilatyň ýarysyny düzýändigi aýdylýar. Krizis ösüp gelýän ýaş nesliň geljekdäki girdejilerini howp astynda goýýar.
Berilýän bahalara laýyklykda, ýetginjekleriň arasynda funksional sowatsyzlygyň derejesi ýokarlanýar, bu bolsa okamak, ýazmak we matematika endiklerini jemgyýet durmuşyna netijeli gatnaşmak üçin ulanyp bilmeýän okuwçylaryň sanynyň artýandygyny aňladýar.
Pandemiýa başlamazdan ozal hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilim garyplygyny ýeňip geçmek, pes girdejili maşgalalaryň okuwçylaryna deň mümkinçilikler döretmek we integrasiýany ösdürmek ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.
Bütindünýä bankynyň habaryna görä, sebitdäki okuwçylar ýewropaly deň-duşlaryndan 1,5 ýyl yzda. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (PISA) halkara studentlerine baha beriş programmasyna laýyklykda, sebitdäki köp student eýýäm funksional sowatlylygy babatynda pes derejeleri görkezdi.
Hasabatda dürli girdejili maşgalalaryň okuwçylarynyň arasynda barha artýan bilim boşlugy ýa-da deňsizlik bar diýilýär. PISA-nyň maglumatlaryna görä, Gazagystanyň iň garyp maşgalalarynyň çagalary bilimde deň-duşlaryndan bir ýyl, Gyrgyzystanda bolsa 2,5 ýyl yzda galýar.
Koronawirus pandemiýasy bilim ulgamyna şeýle bir agyr zarba urýar welin, onuň täsiri (diňe Merkezi Aziýada 44 milliard dollar ykdysady ýitgini hem goşmak bilen) onlarça ýyldan soň ýüze çykar diýip, hasabatda aýdylýar.