Türkmenistan Owganystana lukmançylyk enjamlaryny muzdsuz iberýär
Bu aralykda, Türkmenistanyň özünde ýeke hadysasy hem resmi hasaba alynmadyk koronawirus aladalary bilen baglylykda, medisina enjamlarynyň, däri-dermanlaryň ýetmezçilik edýändigi barada maglumatlar gowuşýar.
Resmi türkmen maglumatyna görä, Owganystana iberiljek lukmançylyk enjamlarynyň iberilmegini we gowşurylmagyny gurnamak Daşary işler ministrliginiň üstüne ýüklenipdir.
Türkmenistan özünde dowam edýän ykdysady kynçylyklary, koronawirus ýagdaýlaryny resmi taýdan boýun alman, mart aýynda Eýrana koronawirus epidemiýasy sebäpli ynsanperwer kömek iberdi, Owganystanda bolsa, ynsanperwer kömek bilen bilelikde, COVID-19 barlaglaryny geçirmek üçin saglyk desgasyny gurmaga başlady, Russiýanyň Astrahan sebitine tonnalap kömek ýollady.