Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Farapda bankomat nobatlaryndaky ýakalaşykda bir aýal öldi. Aşgabatda bankomatlaryň sany azaldylýar

Türkmenistanda bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problemalar has-da erbetleşýär. Lebabyň Farap etrabynda bankomatlaryň öňünde nobata duran adamlaryň arasynda dörän uruş-dawada bir aýal heläk boldy. Aşgabatda ilat bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýän mahaly, şäherdäki bankomatlaryň sany azaldylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz üç habarçysy Lebapdan we Aşgabatdan habar berýär.


"Farapda adamlar her gün bankomatlaryň öňünde nobata durýarlar. Howanyň gyzgynlygy 45 gradusa ýetýän şu günlerde ençeme sagatlap günüň aşagynda, dik aýak üstünde nobata durýan adamlaryň arasynda her gün diýen ýaly dawa-jenjel we uruş, ýakalaşma bolýar. Şu hepde bolan ýakalaşyklaryň birinde bir aýal öldi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 22-nji iýulda gürrüň berdi.




Onuň sözüne görä, bu waka 20-nji iýulda, ýagny duşenbe güni Farap etrabyndaky "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň bankomatynyň öňünde boldy.


"Bankomatlara pul gelmegine garaşýan adamlaryň arasynda ýakalaşma bolýar. Şonda nobata duran 65 ýaşyndaky bir aýal ýakalaşýan ýüzlerçe adamyň aýaklary aşagynda basalanypdyr. Ol tiz kömek ulagynda jan beripdir" diýip, habarçy waka şaýat bolanlaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.


Azatlyk Radiosy bu barada "Daýhanbankyň" Farapdaky şahamçasynyň sorag-jogap bölümi bilen habarlaşanda, telefona jogap beren bank işgäri gürrüňi edilýän aýalyň ölendigini tassyklady. Ýöne bank işgäri onuň yssy howada gan basyşynyň aşa ýokary galmagy sebäpli heläk bolandygyny belledi.


Azatlyk Radiosy onuň ölümine takyk nämäniň sebäp bolandygyny anyklap bilmedi.


Azatlygyň habarçysy yssy howada ençeme sagatlap nobata durýanlaryň arasynda saglyk ýagdaýynyň agyrlaşyp, heläk bolmagy bilen bagly wakalaryň birnäçesiniň bolandygyny hem aýtdy.


"Ýakynda Kerki şäherinde hem bankomatyň öňünde nobata duran iki adamyň jan berendigini waka şaýat bolan adamlar gürrüň berdiler. Bu yssyda ýaşy gartaşan adamlar beýle-de dursun, ýaş adamlaryň hem ençeme sagatlap, dik aýak üstünde, günüň aşagynda durmagy howply" diýip, habarçy belledi.




Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary ilatyň bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalaryň paýtagtda-da erbetleşýändigini habar berýärler.


"Şäherdaki bankomatlarda nagt pul ýetmezçilik edýär. Söwda merkezleri ýapyldy we olaryň içinde bankomatlar bardy. Indi olar ýapykdygy sebäpli bankomatlardan pul nagtlaşdyryp bolmaýar. Şäheriň beýleki bankomatlarynda-da nagt tapdyrmaýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 22-nji iýulda gürrüň berdi.


Azatlygyň habarçylary ilat öz bank kartlaryndaky aýlyklaryny, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän mahaly, käbir dükanlaryň bank kartlaryny kabul etmegi bes edendigini hem aýdýarlar.


"Kartlary kabul edýän çäkli sandaky dükan hem, azyk we senagat harytlarynyň töleglerini nagt görnüşde talap edip başlady" diýip, beýleki bir habarçymyz belledi.


Bu problemalaryň üstesine-de, şu günler Aşgabat şäherindäki bankomatlaryň sany azaldylýar. Häkimiýetler bu çäreleriň sebäpleri barada ilata aç-açan düşündiriş bermeýärler.




"Hemme ýerde diýen ýaly bankomatlary aýyrýarlar. Birnäçe gün ozal "Paýtagt" söwda merkezindäki bankomaty aýyrdylar. Görogly köçesiniň ugrundaky bankdan iki bankomat aýryldy, ýagny olaryň sany azaldyldy. Häzirki wagtda banklarda diňe 1 ýa-da 2 sany bankomat galdyrýarlar, galanlaryny aýyrýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.


Şeýle-de, ol "Gülüstan" söwda merkeziniň gapdalynda ýerleşýän bankdaky bankomatyň birnäçesiniň möhürlenendigini, sebäbi haçan bu ýere barsaň, olaryň boşdugyny hem sözüniň üstüne goşdy.


Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden we türkmen banklaryndan kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.


Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Soňky aýlarda bu ykdysady kynçylyklar bilen bagly maliýe, şol sanda bankomatlarda nagt ýetmezçiligi has-da ýitileşdi.


Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net