Azerbaýjan-Ermenistan çaknyşyklarynyň üçünji gününde ýedi esger öldi
Günorta Kawkaz sebitindäki iki goňşy ýurt özleriniň durnuksyz serhet ýakasynda nobatdaky uçguny başlatmakda biri-birini aýyplaýar. Iki ýurduň arasynda Azerbaýjandan bölünip aýrylan Daglyk-Garabag regionynyň üstünde ençeme ýyl bäri gapma-garşylyklar saklanýar.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň 14-nji iýulda beren maglumatyna görä, soňky çaknyşyklaryň netijesinde general-maýor Polad Hasimow we polkownik Ilkar Mirzaýew heläk bolupdyr.
Ermenistanyň Goranmak ministrligi 14-nji iýulda dört, şol sanda maýor we kapitan çinindäki harby gullukçysynyň hem heläk bolandygyny aýtdy.
Ermeni Daşary işler ministrliginiň aýtmagyna görä, serhediň golaýyndaky Berd şäheri oka tutulypdyr, emma ermeni tarapy ot açan “azeri bazalaryny ýok edipdir”.
12-nji iýulda ermeni we azeri esgerleriniň birek-biregine ot açyp başlamagyndan bäri 16 adam öldi.