Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistan we COVID-19: parallel reallyk  

ABŞ-nyň ilçihanasy, türkmen ýolbaşçylarynyň COVID-19-yň ýurtda ýokdugyny aýtmagyna garamazdan, öz raýatlaryna keseliň ýokaşmak howpundan ätiýaç etmegiň zerurdygyny duýdurdy we ýurt üçinde sosial aralygy saklamaga çagyrdy. Ilçihananyň bu maglumaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde garşylyk döretdi. Bu aralykda Türkmenistanda möwç alan ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagynyň fonunda, COVID-19 mahsus alamatlar bilen diňe bir hassahanalar we döwlet edaralary däl, eýsem gurluşyk meýdançalary, şol sanda daşary ýurt kompaniýalaryň gurluşyk obýektleri karantine ýapyldy. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we  döwlet edaralaryndaky çeşmeleri habar berýärler.


Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki gurluşyk meýdançalarynyň birinde iş togtadyldy we karantin yglan edildi. Azatlygyň habarçysy 24-nji iýunda "Arkadag" myhmanhanasynyň gurluşyk meýdançasynyň karantine ýapylmagynyň  işgärlerde COVID-19 kseliniň tapylmagy bilen baglanyşyklydygyny, desgadaky işleriň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosy "Bouygues" kompaniýasynyň wekilhanasyndan we Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan resmi düşündiriş alyp bilmedi.


Iýun aýynyň başyndan bäri Türkmenistanda ýiti pnewmoniýa ýaýraýar, bu kesel koronawirusa mahsus alamatlar bilen dowam edýär. Birnäçe paýtagt we welaýat hassahanalary karantine ýapyldy, saglyk işgärleri üzňelige salynýar, keselhana salynan hassalaryň arasynda saglyk işgärleri hem bar. Hassalaryň arasynda ölenler hem boldy.  Bu barada habarçylarymyz ýurt içinden habar berýärler.




Häkimiýetler ýurtda möwç alan pnewmoniýa barada çykyş etmeýärler, şol bir wagtyň özünde-de, Aşgabadyň saglyk öýlerinde ýiti pnewmoniýanyň alamatlary we görülmeli çäreler barada ilat üçin bildirişler peýda boldy.


Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde welaýatlaryň saglygy saklaýyş işgärleri koronawirus infeksiýasynyň howplary barada halka habar bermek boýunça çäreleri görüp başladylar. Husuan-da, Lebapda saglyk resmileri ýurtda koronawirusyň ýaýrandygyny ilata açyk aýdýarlar. 


Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlara garamazdan, ýurduň häkimiýetleri ýurduň çäginde koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýärler. Tersine, Türkmenistanyň ýolbaşçylygy beýleki döwletleriň Türkmenistandaky öz raýatlaryna koronawirusyň ýokaşmak howpundan hüşgär bolmak barada duýduryş bermegine garşy çykýarlar.


 


 




Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Amerikanyň Aşgabatdaky diplomatik missiýasynyň hereketleri ters netijeli häsiýete eýe diýip, çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websahypasynda metbugat üçin çap edilen beýanatda aýdylýar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu reaksiýasy 23-nji iýunda ABŞ-nyň ilçihanasynyň öz websahypasynda amerikan raýatlary üçin çap eden duýduryşyndan soň peýda boldy, onda ABŞ-nyň raýatlaryna COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin fiziki aralygy saklamak we zerur bolan ýagdaýynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny çäklendirmek ýa-da azaltmak ýaly çäreleri Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (CDC) rekomendasiýalaryna laýyklykda görmek maslahat berilýär.


"Türkmenistanda COVID-19 bilen kesellänleriň tassyklanan ýagdaýlary barada resmi habarlar bolmasa-da, ABŞ-nyň ilçihanasy COVID-19 mahsus alamatlary bolan ýerli raýatlaryň COVID-19 boýunça synag edilýändigi we on dört güne çenli ýokanç keseller hassahanalarynda karantine salynýandygy barada habar aldy" diýlip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websahypasynda çap edilen maglumatda aýdylýar.


Diplomatik missiýa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ABŞ-nyň raýatlarynyň we wekilhanasynyň işgärleriniň saglygyny we howpsuzlygyny goramaga borçlydygyny aýdýar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda çap eden beýanatynda Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy çareler barada ýoýulan habar bar diýip hasap edýär. 


 




"Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu hili informasion "galplyklaryň" esassyzdygyny we obýektiw däldigini belleýär. Bu meselede ministrligiň resmi wekilleri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisine ikitaraplaýyn we tassyklanmadyk maglumatlary ýaýratmagyň ýol berilmejekdigi barada birnäçe gezek habar berdiler" diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda aýdylýar.


Şol bir wagtyň özünde, adynyň agzalmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşmeler türkmen häkimiýetleriniň ýurtda COVID-19-yň bardygyny yglan etmäge taýýarlanýandygyny öňe sürýärler.


"Döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlar eýýäm ýaýrady, işgärler anyk görkezmelere garaşýarlar. Saglygy saklaýyş ministrligi ähli lukmanlar tarapyndan maska we ellik geýmek barada berk düzgünleri eýýäm girizdi, beýleki öňüni alyş çäreler barada indiki görkezmelere garaşýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy 23-nji iýunda döwlet edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp habar berdi. Şeýle-de onuň sözlerine görä, 22-nji iýunda Saglygy goraýyş ministrliginde geçirilen ýygnaklarda ýurtda COVID-19 ýokaşan 70 adam baradaky sanlar resmiler tarapyndan agzalypdyr.


Azatlyk Radiosy bu maglumaty Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden resmi görnüşde tassykladyp bilmedi. 


Mundan başga-da, Türkmenistandaky habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýurduň häkimiýetleriniň, indiki aýyş başyndan birnäçe çäklendirmeleri girizmäge we pugtalandyrmaga taýýarlanýandygyny, munuň şol sanda hareket çäklendirmelerine degişli boljagyny habar berdiler.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net