ABŞ Türkmenistanyň kazyýet lukmançylygyny kämilleşdirmek maksady bilen BMG edarasyna 200 müň dollar bölüp berdi
“Bu BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdiriýetiniň Türkmenistanyň kazyýet laboratoriýalarynyň halkara akkreditasiýa ülňülerine laýyk gelmegi we we olary aşmagy ugrunda edýän tagallalaryna goşant bolar” diýip, beýanatda aýdylýar.
Mundan ozal, aprel aýynda ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy soňky 20 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň türkmen hökümeti bilen hyzmatdaşlyk esasynda amala aşyrylan ikitaraplaýyn we regional programmalara 207 million dollar sarp edendigini, şondan 21 million dollaryň ýurduň saglygy saklaýyş programmalaryna gönükdirilendigini mälim etdi.