Prokurorlar jenaýat toparyň ýolbaşçysyny türmeden boşadandygy üçin öňki gyrgyz prezidentine 15 ýyl türme tussaglygyny soraýar
Şeýle-de, prokurorlar 16-njy iýunda Birinji Maý etrap kazyýetinden Atambaýewiň ähli döwlet baýraklaryndan mahrum edilmegini hem-de onuň emläginiň konfiskasiýa edilmegini soradylar.
Atambaýewiň aklawçysy Zamir Jooşew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda suduň höküminiň 18-nji iýunda yglan edilmegine garaşylýandygyny aýtdy.
2013-nji ýylda duýdansyz türmeden boşadylan Batukaýew dessine ýurdy terk edip Russiýa bardy. Oňa gyrgyz kanun çykaryjysyny we içeri işler ministrliginiň resmisini öldürmek ýaly agyr jenaýatlar boýunça höküm çykarylypdy.
Ýokary derejeli kazyýet işinde jemi 19 sany ozalky resmi we lukmançylyk işgärine garşy günä bildirilýär. 63 ýaşly Atambaýew islendik düzgün bozmany ret edýär.