Demirgazyk Makedoniýa pandemiýa garamazdan saýlawlary iýulda geçirmegi planlaşdyrýar
Bu saýlawlar ýurduň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy ugrunda möhüm ädim hökmünde görülýär.
NATO-nyň iň täze agzasynda geçiriljek saýlawlar öňki premýer-ministr Zoran Zaewiň “Sosial demokratlarynyň” Ýewropa Bileleşigine tarapdar syýasatlaryny goldamak babatda-da synag bolar.
Zaew şu ýylyň ýanwar aýynda wezipesinden çekildi. Bu waka Ýewropa Bileleşiginiň ýurduň bileleşige goşulmak baradaky gepleşikleriniň senesini yglan etmekde şowsuz bolmagynyň yzýanyna gabat gelipdi. Şondan soň mart aýynda Ýewropa Bileleşigi Demirgazyk Makedoniýa we Albaniýa bilen agzalyk gepleşikleriniň başlap biljekdigini aýtdy.
Demirgazyk Makedoniýanyň geçiş hökümeti irki parlament saýlawlaryny ilkibaşda 12-nji aprelde geçirmegi planlaşdyrypdy, ýöne soňra bu pandemiýa sebäpli yza süýşürildi.