Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


70 ýaşly aşgabatlynyň 'zibil üstündäki urşuň' pidasy bolan bolmagy ähtimal

Wladimir (ady üýtgedilen) eýýäm birnäçe ýyl bäri zir-zibil taşlanýan ýerlere aýlanyp, satyp boljak zatlary gözleýärdi. Ýaňy-ýakynda ol ýene-de şol ýere gitdi, emma yzyna dolanmady. Birnäçe gün geçensoň onuň hossarlary gözelege çykyp, onuň jesedini Aşgabadyň morglarynyň birinden tapdylar, onuň bedeninde ençeme şikes, kellesinde ýara bardy. Şeýle-de bolsa, lukmanlar onuň infarkdan ölendigini aýtdylar.


Türkmenistanda zir-zibil dörmegiň köpler üçin gün görmegiň çeşmesine öwrülendigi barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek ýazypdy. Ýurt ilatynyň barha erbetleşýän ykdysady şertlerinde hapa taşlanýan gapyrjaklardan zat gözlemek Türkmenistanyň şäherlerinde giň ýaýran ýagdaýa öwrüldi, zibil taşlanýan ýerlerde satyp ýa-da iýip boljak zatlaryň üstünde dawa turýar.


Wladimiriň ýakynlarynyň pikirine görä, onuň şeýle dawalaryň pidasy bolmagy ähtimal.    




 


70 ýaşynda bolan Wladimir soňky birnäçe ýylyň dowamynda öz maşgalasy, ýagny aýaly we maýyp gyzy bilen Aşgabadyň Parahat-8 etrapçasynda ýaşaýardy. Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň başlanmagyndan öň maşgalanyň 30-njy etrapçasynda-da jaýy bardy. Olar jaýy kireýe berip, şol pula ýaşaýardy. Emma bir-iki ýyl mundan öň jaýy satmaly bolupdyr, ykdysady şertleriň tiz agyrlaşýan döwründe jaýyň kireýi ýeterlik girdeji getirmändir.


Ýeter-ýetmezçilik zerarly Wladimir soňky ýyllaryň dowamynda Parahat-8 etrapçasyndaky hapa taşlanýan gapyrjaklara baryp, plastik gaplary, çüýşeleri we satyp boljak beýleki zatlary toplapdyr.     


Soňky aýlarda Wladimir zibil taşlanýan ýerlerde adamlaryň köpelendigini öz tanyşlaryna birnäçe gezek gürrüň beripdir we şol adamlary "konkurent" diýip atlandyrypdyr. Ol şolaryň arasynda agressiw adamlaryň hem bardygyny, onuň şol "nokatlarda" görünmezligini talap edýändiklerini aýdypdy. 




 


9-njy maýda irden Wladimir ýerli zibilhanalara nobatdaky "saparyna" gitdi we gaýdyp gelmedi. Birnäçe günläp ony ýakynlary gözledi we paýtagtyň etrapçalaryndaky "zibil uruşlarynyň" howpunyň güýçlenendigi sebäpli uly alada galdy. Haýp olaryň aladasy birnäçe günden tassyklandy. Wladimir Aşgabadyň morglarynyň birinden tapyldy.


Wladimiriň aýalynyň sözlerine görä, merhumyň bedeniniň ähli ýeri gan öýmelerde bolup, kellesi gandy. Emma medisina edarasynda onuň ölüminiň sebäbini infarkt diýip görkezdiler. Zenan öz adamsynyň bedenindäki gan öýmeleri we şikesleri barada sorap başlanda, lukmanlar bedendäki gan öýmeleriň meýit tegmilleridigini, kellesinde bolsa trepanasiýa edilip, açylandygyny aýdypdyrlar. Şeýlelikde, 70 ýaşly Wladimiriň ölüminiň kriminal sebäpleri kanun goraýjylaryň derňewine ýetmänkä, medisina edarasy tarapyndan ret edilipdir.    


Wladimir diňe bir hepdeden soň 18-nji maýda jaýlandy, sebäbi onuň ýakynlaryna berlen düşündirişe görä, sol günlerde jaýlaýan kärhanalarda "ölenler köp üýşüpdir" we pata geçirmek üçin ýerli naharhanalarda birnäçe günlük ýer bolmandyr.     


Bellemeli ýeri, ýerli ýaşaýjylar, şol sanda soňky wagtda ölenleriň ýakynlary, ölümiň köpelmeginiň koronawirusyň pandemiýasy bilen bagly bolup bilmegini çak edýärler. Sebäbi lukmanlar tarapyndan tassyklanmasa-da, ýogalanlarda  COVID-19 keseline mahsus simptomlar, şol sanda demgysma bolupdyr.  




Wladimiriň bir hepdeden jaýlanmagyna garamazdan, onuň jesedi morgdan gana bulaşan görnüşde berlipdir. «Morgyň işgärleri jenaýatçylygyň yzlaryny hatda ýaşyrmakçy hem bolmadylar», diýip, merhumy jaýlamak çäresine gatnaşan tanyşlarynyň biri Wladimiriň ölümine getiren bolmagy çak edilýän ýagdaýy agzady.


Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etrapçalarynda we beýleki şäherlerde zibil taşlanýan ýerleriň näderejede "gyzgalaňly" nokatlara öwrülendigi barada ençeme gezek habar beripdi. Bu ýerde zat gözleýän adamlaryň Azatlyga gürrüň  bermegine görä, Türkmenistanyň häzir başdan geçirýän taryhyndaky iň agyr krizis döwründe bu iş olaryň özleri we maşgalalary üçin ýeke-täk gazanç çeşmesine öwrülipdir.  




 


 


«Durmuş derejesi çaltlyk bilen pese gaçýar, bahalar bolsa galýar, uçdantutma işsizlik, çagalary nädip eklejek. Başda elbetde utanýarsyň, emma indi biz köplük, nämeden utanjak. Aýratynam soňky ýarym ýylda men ýalylar köpeldi. Indi utanamok, emma degerli zatlary tapmak kynlaşdy, şonuň üçin dawa köp bolýar», diýip, Aşgabadyň hapa taşlanýan gapyrjaklarynyň biriniň golaýynda ýemşerilen plastik gaplary özüniň eleme-deşik bolan kirlije haltasyna salyp duran adam gürrüň berdi.


Aprelde Azatlygyň habarçylary paýtagtyň zibil taşlanýan ýerlerinde dawalaryň köpelendigini habar beripdi. Onuň sözlerine görä, hapa taşlanýan ýerlerde adamlar iýip boljak zatlary hem gözleýärler, emma karton, plastik gaplar we çüýşeler has köp islenilýär. Olary soň tabşyryp, ujypsyzja pul gazanyp bolýar.


«​Olaryň ugrunda aýratyn bir göreş gidýär. Plastik baklažkalary köçe süpürýän aýallar we erkekler, ýaşaýjylar ýygnaýarlar. Soňky wagtda köçe süpürijileriň arasynda talaňçylyk göze ilýär. Her kimiň nobatçylyk edýän döwründe toplan möçberi bar. Indi erkekler aýallaryň üýşürenlerini aç-açan ogurlap başladylar»​ - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 7-nji aprelde habar berdi.


Türkmenistandaky barha güýçlenýän ykdysady problemalaryň, şol sanda işsizlik, ilatyň gazanjyň gözleginde daşary ýurtlara girmegi, bahalaryň ýokarlanmagy we ilatyň durmuşynyň agyrlaşmagy ýaly kynçylyklaryň dowamynda ýurt resmileri garyplygy boýun almaýarlar. Döwlet mediasy halkyň problemalaryny gozgamaýar.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net