“Talyban” parahatçylyk ylalaşygyna garamazdan “Al-Kaýda” bilen “ýakyn gatnaşyklary saklaýar”
“Talyban” 1-nji iýunda ýaýradylan hasabaty “esassyz” atlandyryp, ony tankytlady.
Fewral aýynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, “Talyban” beýleki jeňçi toparlaryna garşy söweşmäge we olaryň Owganystany Birleşen Ştatlara we onuň ýaranlaryna garşy hüjümleri amala aşyrmak üçin ulanmagynyň öňüni almaga borçlanypdy.
“‘Talyban’ dostluk, umumy göreş taryhy, ideologiki duýgudaşlyk we özara nikalar esasynda ‘Hakkani’ we ‘Al-Kaýda’ toparlary bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýar’ diýip, BMG-niň garaşsyz gözegçi toparynyň Howpsuzlyk Geňeşine ýollan hasabatynda nygtalýar.
Hasabatda “Talybanyň” ABŞ bilen gepleşikleri geçirýän pursady “Al-Kaýda” bilen dowamly maslahatlaşandygy we “özara taryhy baglaryna hormat goýjakdygyna ynandyrandygy” hem bellenilýär.