Ukrain polisiýasy žurnalist Pawel Şeremetiň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňewi tamamlady
Bu barada güman edilýänleriň goragçylaryna iberilen habara salgylanyp, "Grati" neşiri habar berdi.
Russiýada we Ukrainada uzak wagtlap işlän belarus žurnalisti 2016-njy ýylyň iýul aýynda, Kiýewde öldürildi.
Donbasdaky söweşlere meýletin gatnaşan hirurg Ýuliýa Kuzmenko, Ukraina tarapdan Donbasdaky söweşlere gatnaşan weteran, sazanda Andreý Antonenko, harby şepagat uýasy Ýana Dugar dagy onuň janyna kast edilmegini amala aşyrmakda güman edilip, tussag edildi.
Derňew Antonenko bilen Kuzmenkony jenaýaty ýerine ýetiriji hasaplanýar, Dugar şärik hasaplanýar diýip, “Ukrainskaýa Prawda” neşiri habar berdi.
Derňewiň gelen netijesine görä, kast edişligiň näbelli guramaçylary, protestleri öjükdirmek üçin, ukrain jemgyýetinde bir sarsgyn beriji waka döretmek isläne meňzeýär.
Mundan öň polisiýa adam öldürmegiň sebäbini respublikadaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak we jenaýaty ýerine ýetirijileriň milletçi pikirlerine ünsi çekmek synanyşygy hökmünde düşündirdi.
Güman edilýänler ýüklenilýan günäleri ret edýärler. Olara ýöňkelýän jenaýat maddalarynda ömürlik tussaglyga çenli uzak möhletli jeza çäreleri nazarda tutulýar.