FH Ýewropadaky we Ýewraziýadaky “demokratik çökgünlik” barada duýdurýar
"Merkezi we Gündogar Ýewropada hatda demokratiýanyň düzgünleri esasynda hereket eden bolmagyny goýan liderleriň hem sany köpelýär, olar demokratik guramalara garşy aç-açan hüjüme geçip, şahsy azatlyklary çäklendirmek tagallasyny edýärler" diýip, guramanyň 6-njy maýda "Geçiş döwletleri" ady bilen çap edilen ýyllyk hasabatynda aýdylýar.
Hasabatda dowam edýän koronawirus pandemiýasynyň demokratik guramalara edilýän hüjümleri has-da batlandyryp biljekdigi bellenýär, emma "Azatlyk öýüniň" prezidenti Maýkl Abramowitz saglyk krizisinden soňky ýagdaýyň hasam çataklaşyp biljekdigini ýa-da demokratiýanyň gaýtadan dikeldiljekdigini aýtdy.