Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistan BSG-biň bilermenlerini COVID-19 ýagdaýyny öwrenmek üçin ýurda goýbermeýär

Türkmenistan BSG-niň COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin barjak bolýan missiýasyny ýurda goýbermeýär. Muňa garamazdan, türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýan hem bolsalar, kesele garşy halkara tagallalaryny jebisleşdirmek ýaly inisiatiwalary bilen çykyş edýärler. 


BSG-niň Ýewropadaky regional edarasynda Azatlyk Radiosyna aýdylyşyna görä, gurama Türkmenistana barmak üçin türkmen ýolbaşçylaryndan henizem çakylyk alyp bilmändir. Bu barada Azatlyga guramanyň metbugat gullugynyň wekili Stefanie Brikman aýtdy.


"Missiýa häzirki wagtda Täjigistanda. Planlaryň ilkinji tapgyrynda biz missiýanyň Täjigistandaky işini soňlap Türkmenistana barmagyny umyt edipdik. Biz henizem logistikany ýeňletmegiň prosesinde, ol häzirki wagtda çylşyrymly eken" diýip, Stefanie Brikman 4-nji maýda Azatlyga aýtdy. 


Onuň sözlerine görä, BSG-niň wekilleri häzir türkmen tarapyndan çakylyk almaga synanyşýarlar we Türkmenistan bilen gepleşik geçirýärler. 


BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň müdiri Hans Klýuge guramanyň missiýasynyň Türkmenistanda we Täjigistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin sapara taýýarlanýandygyny 23-nji aprelde yglan edipdi, häzir bu missiýa Täjigistana sapar edýär.




 


 


Türkmenistan halkara bilermenleriniň sapar etjegi baradaky habara BSG-niň we BMG-niň beýleki edaralary bilen gepleşiklerini aktiwleşdirmek hem-de ýokanç keseller hassahanalaryny näsaglardan boşatmak bilen reaksiýa görkezdi. Ýüzlerçe adamyň saklanan karantin zonalary, şeýle-de keselhanalaryň ýokanç keseller bölümleri birden boşap galdy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň müdiri jenap Klýuge bilen onlaýn duşuşyk gurady. Türkmen metbugaty gepleşikde koronawirus pandemiýasynyň maslahat edendigini habar etdi, emma jikme-jik maglumat bermedi.


BSG-niň Türkmenistanda koronawirus bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin ýurda barmakda kynçylyk çekýändigini garaşsyz Gündogar informasion portaly hem habar berýär.


Bu iş üçin zerur şertleriň birine görä, BSG-niň kömegine gyzyklanmasy bolan ýerli hökümetiň çakylygynyň zerur bolup durýandygy maglumatda bellenýär. 


"Täjigistandan BSG-ä şeýle çakylyk geldi, Türkmenistan bilen bolsa, adatdakysy ýaly, ylalaşyp bolmaýar" diýip, BMG-niň Aşgabatdaky edaralarynyň biriniň wekili Gündogara aýdypdyr.


Türkmenistan öz territiriýasynda COVID-19 düýpden ýokdugyny aýdýan sanlyja dünýä ýurtlarynyň biridir. Üstesine, türkmen hökümeti öz ilatyna koronawirus barada geplemegi gadagan edýär, şol sanda mekdep okuwçylaryna saglygyndan şikaýat etmäge rugsat berilmeýär. 




Bu ýagdaýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz tejribelerini dünýä bilen paýlaşmaga-da taýýardygyny aýdýar. Ol muny 22-nji aprelde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterişe mälim etdi. 


4-nji maýda Türkmenistan Goşulmazlyk hereketi halkara guramasynyň onlaýn sammitinde  COVID-19 keseline garşy göreşde halkara tagallalaryny jebisleşdirmäge çagyrdy. 


Şeýle-de, Türkmen döwlet habarlar gullugy şonda prezident Berdimuhamedowyň "sammitiň gatnaşyjylaryny pandemiýa şertlerinde migrantlara, bosgunlara we ilatyň ejiz gatlaklaryna ynsanperwer kömegini ýaýbaňlandyrmaga ündändigini habar berdi.




 


Türkmenistanyň prezidentiniň bu çykyşy öz raýatlaryň ýurduň içinde we daşynda dürli kynçylyklary başdan geçirýän we hökümetiň kömegini alyp bilmeýän döwrüne gabat geldi.


Türkmenistanyň ilat köpçüligine häzir esasy medisina kömegi, derman we medisina serişdeleri, azyk önümleri elýeterli däl. Ilat ýurtdaky ykdysady kynçylyklar hem-de maliýe çäklendirmeleri zerarly bank kartlaryndaky öz gazanjyndan kadaly peýdalanyp bilmeýär. Üstesine, azyndan ýüzlerçe türkmenistanly serhetleriň ýapylmagy zerarly ýurduň daşynda, çykgynsyz ýagdaýda galýar we türkmen häkimiýetleriniň kömek bermekden ýüz öwürýändigini aýdýar.


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň öz raýatlaryny koronawirus keselinden we onuň öňüni almak boýunça görülýän çäreleriň netijelerinden goramak üçin edýän işleri we ilata kömek bermekden ýüz öwürmeginiň sebäpleri barada resmi maglumat almak boýunça eden köpsanly synanyşyklary netije bermedi. Türkmen resmileri dürli bahanalar bilen gepleşmekden boýun gaçyrdy.




Türkmenistan ýaly koronawirusy uzak waglap boýun almadyk Täjigistan ilkinji kesellänlerini hasaba alandygyny 30-njy aprelde yglan etmeginden soň, Türkmenistan Merkezi Azýa we postsowet regionlarynda COVID keseliniň ýokdugyny aýdýan ýeke-täk ýurt bolup galdy.


5-nji maýda Täjigistanda kesellänleriň sany eýýäm 230 adama ýetdi.


Bu aralykda täjigistanly aktiwistler BSG-niň ýurtdaky wekilini wezipesinden çekilmäge çagyrdylar we ony täjik hökümetiniň hakyky ýagdaýy ýaşyrmagyny goldamakda aýypladylar.  


BSG-niň Täjigistandaky hemişelik wekili Galina Perfilýewa 4-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş boldy. Ol gurmanyň esasy maksadynyň hökümete basyş etmek däl-de, guramanyň COVID-19 keseline garşy göreşde ýardam bermekdigini aýtdy. 


Bilermenleriň sözlerine görä, ol ýa beýleki ýurtda hasaba alynan nasaglaryň sany anyklamak usullarynyň netijeliligine we göwrümine, şeýle-de hökümetleriň açyklyk hem jemgyýete hakyky maglumat bermek islegine baglydyr. 




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net