Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Koronawirus pandemiýasynyň dowamynda, mugallymlara prezidentiň kitaby boýunça 'Saglyk sapagyny' geçirmeli edildi

Aşgabadyň orta mekdepleriniň mugallymlary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaby boýunça saglyk sapaklaryny geçirmäge borçly edildi. COVID-19 keseliniň global pandemiýasynyň fonunda resmiler we döwlet mediasy prezidentiň kitabyndaky ösümlikleri gyrgynçylykly wirusa garşy derman hökmünde öňe sürýärler. Munuň bilen bir wagtda ilatda koronawirusy anyklamak boýunça çäreler hem geçirilýär.    


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, indi paýtagtyň mekdep mugallymlary okadýan ugurlaryna garamazdan, her günki sapaklaryny saglyk dersinden başlamaly.


- Birinji sapak tertip boýunça günde saglyk sapagy bolmaly. Mugallymlar konspekt taýýarlap, üzärlik ýaly ösümlikler barada gürrüň berýärler. Munuň bilen mugallymlar berýän maglumatlaryny birleşdirip, esasy sapaklaryň materiallaryny azaltmaly bolýarlar - diýip, habarçymyz aýdýar.


Saglyk baradaky sapaklary geçirmek talabynyň Türkmenistanyň welaýat mekdeplerine we ýokary okuw jaýlaryna degişli bolup-bolmazlygyny entek anyklap bolmady.  


Häzirki wagtda üzärlige ýurt ýolbaşçylary tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Prezidentiň tabşyrygy bilen tutuş ýurt boýunça üzärligi gyrgynçylykly COVID-19 keseline garşy göreş üçin ulanýalar. 




 


Döwlet baştutanynyň "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitabynda gürrüň berilýän ösümlikler döwlet habar beriş serişdelerinde hem wasp edilýär.


Mundan öň prezidentiň beýleki kitaplaryny-da mekdeplerde we döwlet edara-kärhanalarynda hökmany öwrenýärdiler. Üstesine, Saglyk ministrligi ilata prezidentiň kitabyndaky ösümlikleri çaý edip içmegi resmi taýdan maslahat beripdi. Dermanhanalar ilata gyt dermanlara derek ösümlik suwlaryny içmegi hödürläpdi. Döwlet telewideniýesi prezidentiň kitabyny mal bejermek üçin ulanmagy teklip edipdi. Türkmen tebipleri prezidentiň kitabyny gollanma edip ulandylar, türkmen eserleri ösümlikleri ýygyp, prezidentiň kitabyndaky reseptler boýunça tebigy serişdeleri taýýarladylar.  


Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bolmagyny ret edýärler. COVID-19 howply keseline garşy hut özleriniň alyp barýan çäreleri we dünýädäki pandemiýa barada öz ilatyny habarly etmeýärler. Emma keselçiligi anyklamak boýunça işleri geçirýärler. 




 


 


Ilatyň gyzgynyny barlamak boýunça işler ýollarda, şäherlere girilýän ýerlede, welaýatlaryň we etraplaryň arasynda, wokzallarda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerde alnyp barylýar. 


- Aşgabadyň demirýol wokzalynda perrona barylýan ýeriň golaýynda tiz kömek we birnäçe polisiýa awtoulagy dur. Olar girýän adamlaryň ählisiniň, şol sanda ugradýanlaryň gyzgynyny barlaýarlar. Täsin bir zat bar, ugradýanlaryň gyzgyny olar girende kadaly bolsa-da, çykjak wagtynda 'ýokary' bolýar we olary tiz kömek ulagyna salýarlar - diýip, habarçylarymyzyň biri 21-nji aprelde habar berdi.


Türkmenistanda häkimiýetleriň koronawirusyň ýaýramagyna garşy alyp barýan çäreleriniň çäginde ilatyň hereket etmek mümkinçiligini çäklendirmegine bir aý boldy. Tutuş ýurt boýunça döredilen barlag geçiş nokatlarynda ilatyň gyzgyny we hereket etmäge rugsat hatlaryny lukmanlardan we polisiýa işgärlerinden düzülen toparlar barlaýarlar.  




20-nji aprelde Aşgabatdaky habarçylarymyz şol barlagly geçelgeleriň käbiriniň aýrylandygyny habar berdiler.


- Düýn agşam welaýatlaryň arasyndaky barlag nokatlar aýrylypdyr. Meniň çeşmelerim Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan barýan ýollarda şenbe güni barlaglaryň bolandygyny, emma ýekşenbe güni barlag nokadynyň eýýäm ýok edilendigini bellediler - diýip habarçymyz aýtdy. 




 


 


Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary 19-njy aprelde Aşgabada uly möçberde azyk önümleriniň alnyp barylandygyny habar berýärler. 


- Aşgabada günbatar tarapdan köp sanly agyr ýük ulaglary barýar. Awto kerwenleriň birnäçesi hersinde 20 sany awtoulagdan, olaryň ýanynda ýol gözegçilik polisiýasy yşyklaryny işledip barýar. Eýrandan alnyp barylýan azyk önümleri bolmaly. Günbatarda, Etrekde gümrük geçelgesi bar, şol ýerde bolmaly - diýip, habarçymyz habar berdi.


Soňky hepdelerde serhetleriň ýapylmagyndan we koronawirusa garşy çäreleriň başlanmagyndan soň ýurtda azyk üpjünçiligi hasam erbetleşdi. ​Ýurt ýolbaşçylary azyk gytçylygyny hem boýun almaýarlar.  


Şol bir wagtda-da halkara guramalaryň çaklamalarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hasam haýallamagy çak edilýär.


Dünýädäki ykdysady proseslere baha berýän Fitch Solutions guramasy COVID-19 sebäpli dörän ykdysady çökgünlik we energiýa serişdeleriniň dünýädäki bahasynyň pese gaçmagy Türkmenistanyň girdejilerini esli azaldar diýýär. Gurama daşarky faktorlaryň täsiri astynda Türkmenistanyň umumy içerki önümçiliginiň 1,4% boljagyny çak edýär.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net