Orsýetde ýene bir adamyň koronowirusdan ýogalandygy habar berildi
Orsýetiň saglyk resmileri 28-nji martda Orenburg sebitinde bir adamyň koronowirus sebäpli ýogalandygyny habar berdiler.
Saglyk minsitri Tatýana Sawinowa ýogalan näsagyň hroniki kesellerden ejir çekendigini aýtdy diýip, TASS habar gullugyhabar berýär.
Orsýetde 28-nji martda irden COVID-19 bilen bagly ölendigi resmi tassyklanan dört adam bolup, ýurduň 26 regionynda kesel ýokuşanlaryň sany 1,264 adama ýetdi.
Emma ýurtda wirusdan ölenleriň sany daşary ýurtdan alnyp barylýan sanawa, şol sanda John Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna gabat gelmeýär.
Biraz öň Kreml prezident Wladimir Putiniň adminstrasiýasynda hem bir işgäriň koronowirus bilen keselländigini aýtdy, ýöne ol näsagyň rus lideri bilen göni aragatnaşygynyň bolmandygy aýdylýar.
Rus hökümeti 28-nji martdan başlap restoranlary we kafeleri ýapmagy buýrup, keseliň ýaýramagyna garşy görýän çäreleriniň gerimini giňeltdi.