Eýran ýolbaşçylary ümsümlikde bellenýän Nowruzda ýurduň beren “gurbanlaryna” ünsi çekýär
Aýatolla Ali Hamaneýi 20-nji martda telewideniýede berlen ýüzlenmesinde ýurduň raýatlarynyň heläkçilikli koronawirus pandemiýasy bilen söweşde “nusgalyk” derejede gurban berendigini aýtdy.
Bu ýokanç kesel dekabrda Hytaýdan uç alan wirusyň iň agyr täsir ýetiren ýurtlarynyň biri bolan Eýranda 20-nji marta çenli 19,644 adama ýokaşdy, 1,433 adamy öldürdi.
“Soňky keselçilik, koronawirusyň ýaýramgy bilen baglykda berlen gurbanlar şeýle bir göreldeli boldy we hatda daşary ýurtlular hem özlerini olary ykrar etmäge borçly duýdy” diýip, Hameneýi aýtdy.
"Esasan-da lukmançylyk toparlary, lukmanlar, şepagat uýalary, kömekçiler, menejerler we hassahanalarda işleýän işgärler köp pidäkärlik etdi" diýip, ol aýtdy. Ol eýranlylaryň suw joşmalaryny, ýer titremelerini, sanksiýalary öz içine alýan “gowgaly ýyly” başdan geçirendigini we onuň koronawirus krizisi bilen gutarandygyny hem sözüne goşdy.