Eýranda koronawirusdan 43 adam öldi
Eýranda COVID-19 wirusyndan ölenleriň umumy sany 43-e, oňa ýoluganlaryň sany hem 593-e ýetdi.
Eýranyň saglyk resmileri raýatlary adamlaryň üýşmeleňlerinden daşda durmaga we syýahatlaryny çäklendirmäge çagyrdylar.
Eýranda Hytaýyň daşynda koronawirusdan ölenleriň iň köp sany hasaba alyndy.
BBC-niň Pars gullugynyň 27-nji fewralda Eýranyň keselhanalaryndaky çeşmelerine salgylanyp beren maglumatyna görä, ýurtda wirusdan azyndan 210 adam ölüpdir. Saglyk ministrligi bu maglumaty çürt-kesik ret etdi.
Eýran parlamentiniň dört deputatynyň hem koronawirus bilen keselländigi tassyklanyldy. Wirusa başga-da ençeme ýokary derejeli resmi, şol sanda ýurduň aýallar we maşgala gatnaşyklary boýunça wise-prezidenti hem ýokuşdy.
Wirusyň ýaýramak howpy sebäpli Tähranda juma namazlary ýatyryldy.
Eýran Ýakyn Gündogar sebitinde wirusyň esasy ojagyna öwrüldi.
Eýran resmileri wirusyň asyl gerimini kiçeldip görkezmekde aýyplanýarlar.