Owgan prezidenti ABŞ-“Talyban” ylalaşygynyň esasy bölegine şübhe bildirdi
Aýdylmagyna görä, Gani öz hökümetiniň, 29-njy fewralda baglaşylan ylalaşykda bellenilşi ýaly, tussaglykdaky 5 müň “Talyban” jeňçisini azatlyga goýbermek barada hiç hili borçnamany öz üstüne almandygyny nygtapdyr.
“5 müň tussagy boşatmak barada hiç hili borçnama ýok” diýip, AFP gullugy Ganiniň 1-nji martda aýdandygy barada maglumat berdi.
“Bu owgan-ara gepleşikleriniň gün tertibine girizilip bilner, emma bu gepleşikleriň başlanmagy üçin şert bolup bilmez” diýip, owgan prezidenti sözüne goşupdyr.
“Owganystanda parahatçylygy ornaşdyrmak ” baradaky ylalaşygyň şertlerine görä, owgan-ara gepleşikleriniň birinji gününe, ýagny 2020-nji ýylyň 10-njy martyna çenli owgan hökümeti tarapyndan saklanylýan “Talyban” toparynyň “bäş müňe golaý”, beýleki tarapyň hem saklaýan “bir müňe golaý... tussagy azat edilmeli”.
29-njy fewralda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esgerleriniň “dessine” çykarylyp başlanjakdygyny aýtdy.
Waşington bilen Kabulyň bilelikdäki beýanatyna görä, eger-de “Talyban” ylalaşygyň şertlerine ygrarly bolup galsa, onda 14 aýyň dowamynda ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň ýurtdaky ähli güýçleri çykarylar.