Owgan resmisi: “Gazaplylygy togtatmak” ylalaşygy şenbe güni güýje girýär
“Gelnen ylalaşyga laýyklykda, ‘Talybanyň’, halkara we owgan howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky gazaplylyk bir hepde möhlet bilen togtadylar” diýip, Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jawed Faýsal aýtdy.
ABŞ resmileri we “Talyban” bu boýunça häzirlikçe maglumat bermediler.
Mundan öň, “Talyban” toparynyň lideriniň orunbasary we dünýä boýunça gözlege yglan edilen jeňçi Sirajuddin Hakkani 20-nji fewralda “New York Times” neşirinde makala çap edip, onda owgan jeňçileriniň Waşington bilen gelnen ylalaşyga “doly ygrarly” bolup durýandyklaryny belledi.
Hakkani Owganystanda hökümet we halkara güýçlerine garşy göreşýän iň howply we ABŞ tarapyndan terrorist diýlip häsiýetlendirilen “Hakkani” toparyna ýolbaşçylyk edýär.
Şu hepdäniň başynda, “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň metbugat wekili Suhail Şahin taraplaryň ylalaşyga gelendiklerini we oňa şu aýyň aýagynda “gol goýuljakdygyny” aýdypdy.