Azeri bankiriniň aýaly Londonda satyn alan emälkleriniň çeşmesini aýdyp bilmedi
Zamira Hajyýewanyň adamsy Jahangir Hajyýew (Azerbaýjanyň döwlet kontrollygyndaky Halkara bankynyň ozalky başlygy) öz ýurdunda galplyk we ogurlyk aýyplamalarynda aýyplanyp, uzak möhletli türmä basyldy.
Düşündirilmedik baýlyk buýrugy 2018-nji ýylyň ýanwarynda, "MakMafiýa kanunlary" diýilýän tapgyrda güýje girdi, Hajyýewa bu buýruklaryň biri esasynda jogapkärçiligie çekilen ilkinji adam boldy.
Londonyň şikaýat sudy 5-nji fewralda 56 ýaşyndaky Hajyýewanyň Londonyň Knightsbridge etrabynda 2009-njy ýylda 11,6 million pounda (15 mln dollara golaý) satyn alan emlägi, 2013-nji ýylda Berkşirdäki Mill Ride Golf Coursda 10,5 mln pound (13,5 mln dollar) satyn alan emlägi barada düşündiriş bermezlik üçin eden şikaýatyny ret etdi.
Hajyýewa suda özüniň adamsynyň Azerbaýjanda türmä basylandygy sebäpli bu buýruga sezewar edilendigini ynandyrmaga çalyşdy, emma sud onuň bu delilini ret etdi.
Kanuna görä, Hajyýewa Milli jenaýat agentligine ýedi gün içinde bu emläkleri satyn alan pullaryny we dükanda bihasap sowran serişdelerini nädip, nireden gazanandygyny düşündirmeli.